TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

«Petronas» hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär

2019-njy ýylyň 30-31-nji iýunynda Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana iş sapary boldy. Kompaniýanyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Tan Sri Wan Zulkiflee Wan Ariffiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler.

Iş saparynyň barşynda, 31-nji iýulda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynyň «Deňiz» myhmanhanasynda Malaýziýanyň wekiliýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň nebit-gaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ýangyç-energetika ulgamyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygyň önjeýli häsiýetini belläp geçdiler we açyk işewür gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasy – Hazar deňziniň türkmen şelfiniň özleşdirilmegine girişen ilkinji daşary ýurt kompaniýasy bolup durýandyr. Häzirki wagtda kompaniýa nebithimiýa we beýleki geljegi uly ugurlar boýunça türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändir, çünki ol birek-birege ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine laýyklykda durmuşa geçirilýändir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän açyk maýa goýum syýasatyna ýokary baha bermek bilen, Malaýziýanyň wekiliýetiniň agzalary gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gyzyklanma bildirdiler we iri göwrümli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle