PEÝDALY MASLAHAT

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar:

Aşgabat şäherinde işlemek üçin guýulary özleşdirmek boýunça inžener.

Bildirilýän talaplar:

Ähli dalaşgärler bildirilýän talaplara laýyk gelmeli, özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:

Bilimi: Nebit we gazy çykarmak tehnologiýasy boýunça ýokary bilimi bolmaly.

Iş tejribesi: Nebit-gaz pudagynda 7 ýyl tejribesi bolmaly.

Dil ukyplary: Iňlis dilinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: Nasos-kompressor turbalaryndaky dartgynlylygyň seljermesi boýunça «Lendmark» programma üpjünçilik toplumy ýa-da deň derejeli inženerçilik programma üpjünçiligine degişli bilimleri bolmaly. «MS Offiсe» (MS Word, MS Exсel) programmalaryny, enjamlaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek boýunça gurallary we programma üpjünçiligini bilmeli.

Sowalnamalary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu bildirişiň çap edilen gününden başlap, 1 hepdeden gijä galman «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Ýene-de okaň

Amerika aňsatlyk bilen gitmek :Green Card -2025 (Grin Kard) boýunça utujylar haçan belli bolýar?

«PETRONAS Çarigali» kompaniýasy işe çagyrýar

Ata Watan Eserleri

«Türkmenpoçta» Türkmenistanyň ähli ýerlerine pul serişdelerini geçirmek hyzmatyny hödürleýär

“Petronas” işe çagyrýar

«Petronas»: ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar

Maşgala kadalary boýunça kodekslere üýtgetmeler we goşmaçalar giriziler