TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
IŞ ORUNLARY & TENDERLER

«PETRONAS Çarigali»: işe çagyrýar

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy aşakdaky hünär boýunça ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar.

Gyýanly obasynda işlemek üçin tehnik (tehnologik iş ýagdaýy).

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:

  1. Bilimi: degişli institutyň tehniki dereje berýän diplomy ýa-da deň derejeli resminamasy bolmaly, şeýle hem «PETRONAS» Nebit we gaz tehnologiýalar institutynda (INSTEP) nebiti gazyp almak tehnologiýasy Maksatnamasy boýunça okuwy tamamlamaly.
  2. Iş tejribesi: nebitgaz ýa-da degişli pudakda ulanyş boýunça tehnik wezipesinde 5 ýyldan 15 ýyla çenli gazyp almak, mehanika, elektrik we barlag-ölçeg abzallary boýunça subut edilen bilimi we endikleri bolmaly.
  3. Dil ukyplary: iňlis dilini başlangyç derejede, türkmen, rus dillerini erkin bilmeli.
  4. Endikleri we başarnyklary: «MS Office» programmasyny bilmeli.

Sowalnamalary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 1 hepdeden gijä galman, «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly adyny, familiýasyny görkezip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

 

 

Bäsleşik: himiki reagentleri we reaktiwleri satyn almak

Ýene-de okaň

«EKSPO-2025»:Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek

Halkara bäsleşik: tor ulgamyny gurnamak

Petronas kompaniýasy işe çagyrýar

Teswirle