TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Pekiniň köçelerinde sürüjisiz ulaglar peýda boldy

Hytaýyň paýtagty Pekinde tehnologiýa ägirtleri “Baidu” we “Pony.ai” kompaniýalary ilkinji gezek 100-den gowrak awtonom ulagy täjirçilik taýdan synagdan geçirip başlady.

Awtonom ulaglaryň ulanylyş gerimi günsaýyn giňelýär. Hytaýyň paýtagty Pekinde tehnologiýa ägirdi “Baidu” we “Pony.ai” ilkinji gezek “L4s” diýlip atlandyrylýan 100-den gowrak awtonom ulagy synagdan geçirip başlady. Paýtagtyň umumy meýdany 60 inedördül kilometre barabar ykdysady ösüş zolagynda 100-den gowrak awtonom ulag taksiler hökmünde işe girizildi.

Ulaglarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin işgärler henizem zerur bolsa-da, ýolagçylara ulaga münmezden ozal bahalaryň standartlary we töleg usuly barada habar berilýär.

“Baidu” kompaniýasynyň awtonom täjirçilik ulaglary amallary dolandyryjysy Wan Şengnan öz beýanynda: “25-nji noýabrda synaglara başlaly bäri sörüjisiz awtoulaglaryny ulanýanlaryň sanynyň köpelendigine begenýäris. Synag döwründe has köp adam awtonom hyzmat barada maglumat aldy. Oňyn seslenmeler bar we hyzmaty makullaýanlaryň sany 94 göterimden ýokary “- diýip belledi.

 

“Garri Potter” kitabynyň ilkinji neşiri satyldy

 

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle