JEMGYÝET

Ýüpek ýoluna ýaň salan awtoralli

Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen sportunyň abraýy has-da belende galýar. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmek Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary bolup durýan Gahryman Arkadagymyz türkmen halkyna, ozaly bilen, ýaşlara bu ugurda şahsy görelde görkezýär.

Sporty hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmegi baş şygar edinen hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda dürli görnüşli halkara ýaryşlarynyň geçirilmegine uly ähmiýet berýär. “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda taryhy Ýüpek ýoluna şan getiren uly sport baýramçylygynyň şaýady bolduk. Şu ýylyň 9–15-nji sentýabry aralygynda ýurdumyzda “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisi ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi. Bu awtomobil ýaryşy öz gerimi hem-de ähmiýeti boýunça Aziýada ýolsuz ýerlerden geçmek babatda uly ýaryşyň birine öwrüldi.

Ägirt uly sport ýaryşyna 20-den gowrak döwletden — Fransiýadan, Ispaniýadan, Çehiýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Gollandiýadan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan sport ussatlary we höwesjeň türgenler gatnaşdy.

Ýurdumyzyň awtomobil sportunyň sazlaşykly ösüşini dünýä tanatmakda uly ýaryşlaryň birine öwrülen bu halkara awtorallisinde gaýduwsyz sürüjiler ýurdumyzyň gündogar sebitinden, ýagny Amyderýanyň kenaryndaky Amul galasyndan ýola çykyp, döwletimiziň günbatar sebitindäki Aziýanyň şypahana merjeni hasaplanýan Awaza çenli menziller aşyp, Türkmenistanyň Garagum sähralygynyň deňi-taýy bolmadyk gözelliklerini we taryhy Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gadymy taryhy we medeni ýadygärlikleri synlamaga mümkinçilik aldylar. Halkara ýaryş şol birwagtda ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynyň hem dabaralanmasyna öwrüldi. Ýurdumyzda ekologiýa we daşky gurşawy aýawly saklamak hem-de goramak babatda alnyp barylýan giň gerimli işler halkara awtorallisinde-de öz beýanyny tapdy. Rallä gatnaşyjylara ekologiýa taýdan arassa ýangyç hyzmaty berildi. Ýaryşyň geçýän ýolunda ekologiýa zyýan bermezlige ýokary derejede ähmiýet berildi. Şonuň üçin bu awtoralli eko-reýd ýaryşy hökmünde-de ýatda galdy.

Bu halkara ýaryş türkmen türgenleriniň hem ýokary üstünligi bilen tamamlandy. Türkmenistandan dürli toparlardaky ekipaŽlaryň 15-si ýurdumyza wekilçilik edip, ata Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny ýokary galdyrdylar. Türkmen toparlarynyň ikisi: Hojaguly Annamämmedow we Gaýgysyz Akmyradow (â„–100 – MINI – T1 1.2) hem-de Guwanç Hommadow we Rejepnyýaz Annaberdiýew (â„–104 – TOYOTA – T2 2.2) öz derejelerinde üçünji orny eýelediler. Bu abraýly ýaryşda uly üstünlik gazanan türkmen türgenleri milli Liderimiziň şa serpaýyna mynasyp boldular. Milli Liderimiziň gatnaşmagynda “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisinde ýeňiş gazanan türgenlerimizi sylaglamak dabarasy geçirildi. Şol dabarada türkmen türgenlerine hormatly Prezidentimiz tarapyndan awtoulaglaryň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Şeý­le­lik­de, milli Liderimiziň alyp barýan öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty sport döw­le­ti hök­mün­de ata Wa­ta­ny­my­zyň tu­tuş dün­ýä­de ab­ra­ýy­nyň bar­ha be­len­de gal­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Ýur­du­myz­da ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty ös­dür­mek bi­len birlik­de, türk­men hal­ky­nyň baý mi­ra­sy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lan spor­tuň mil­li gör­nüş­le­ri­ni giň­den wa­gyz et­mä­ge hem aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň tür­gen­le­ri­niň us­sat­ly­gy yzy­gi­der­li art­ýar. Olar iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­r­da hem-de bäs­le­şik­le­r­de, şol san­da Azi­ýa­nyň we dün­ýä­niň çem­pio­nat­la­ryn­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri gazanýarlar. 

Ýurdumyzyň sport abraýynyň has-da belende galmagy ugrunda irginsiz aladalary edýän, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlara gatnaşyp, ata Watanymyzyň sport üstünligine saldamly goşant goşmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza döwletli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Rahman Orazgylyjow, TDU-nyň talyby.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň wise-prezidenti Arkadag şäherine baryp gördi

Ata Watan Eserleri

Jewdet Ýylmaz: türkmen tebigy gazyny dünýä bazaryna çykarmakda hyzmatdaşlyga taýýardyrys

Ahalteke atçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda

Hökümetara türkmen-türk toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi

Jewdet Ýylmaz: Türkmenistan esasy söwda hyzmatdaşymyz

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi badalga aldy

Ata Watan Eserleri