JEMGYÝET

Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi.

Ýurdumyzyň baş baýramy – Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem-de Diýarymyzyň ähli sebitleriniň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda halkymyzyň abadançylygyny we Watanymyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalar hem-de dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegini şertlendirýän ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri halkara taslamalar barada wekiliýet agzalaryna giňişleýin maglumat berildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda daşary ýurtlaryň 14-sinde, hususan-da, Russiýa Federasiýasynda, Beýik Britaniýada, Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Şwesiýada, Ukrainada, Owganystanda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Saud Arabystany Patyşalygynda, Pakistan Yslam Respublikasynda, Türkiýede, Özbegistanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Täjigistanda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 27 sany bölümi hereket edýär.

Çykyşlarda ýurdumyzyň çäginden daşarda hem giňden tanalýan abraýly halkara gurama bolan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahatynyň doganlyk gatnaşyklary we raýdaşlygy berkitmekde, ählumumy parahatçylygyň we gülläp ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde uly ähmiýeti boljakdygy bellenildi.

Soňra birleşigiň agzalaryny Hormat hatlary bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2025-nji ýylda geçiriljek halkara çäreler

Türkmenistanyň Prezidenti: Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris

Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasy boýunça Aşgabat duşuşygy

ÝB-niň halkara hyzmatdaşlygy boýunça komissarynyň Aşgabada sapary

Türkmen diplomaty Gruziýanyň Parlamentiniň Medeniýet boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşdy

Latwiýanyň Prezidenti: Türkmenistan Latwiýanyň ýakyn hyzmatdaşy we dostlukly ýurdudyr