SIZDEN GELENLER

Paýtagtymyz – bagtymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek, onuň hil derejesini ýokarlandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky alada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Gözel paýtagtymyzyň bu ugurdaky gazananlary, ýeten belent derejeleri bu gün köpleriň ünsüni özüne çekýär. Geçen sanlyja ýyllarda gözel paýtagtymyz Aşgabat tanalmaz derejede özgerdi. Munuň özi ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, şäher ilaty we onuň myhmanlary hem-de çagalar üçin ýokary hilli dynç alyş şertlerini üpjün etmek babatdaky wezipeleriň hem üstünlikli berjaý edilmegini şertlendirdi.

Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek üçin uzak geljegi nazara almak bilen, toplumlaýyn çemeleşilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda hem paýtagtymyzy ösdürmek babatda aýdan sözlerini ähli halkymyz uly buýsanç bilen kabul etdi. Paýtagtymyzyň täsin desgalarynyň arasynda binagärlik, inženerlik-tehniki gurluşy taýdan haýran galdyrýanlary sanardan köpdür. Olaryň birnäçesi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi, halkara derejesindäki abraýly bäsleşikleriň sylaglaryna mynasyp boldy. Şunda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesi halkymyzyň saglygynyň goralmagyna we berkidilmegine, sportuň ösdürilmegine we sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden wagyz edilmegine gönükdirilen iri möçberli bitirilen beýik işleriň aýdyň netijesidir.

Dünýäniň iň bir ösen şäherleri bilen bäsleşýän Aşgabat şäheriniň ajaýyplygyny görmäge göz gerek. Ak mermere beslenen paýtagt şäherimizde dürli öwüşginli binalar, ymaratlar, desgalar milli ruhda gurulýar we türkmen halkynyň binagärlik sungatynyň asyrlara ýalkym saçýan gadymy kökleri bilen sazlaşýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan bu guramanyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi ildeşlerimizde uly buýsanç, şatlyk duýgularyny emele getirdi.

Häzirki wagtda ak şäherimiz Aşgabady okgunly ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Gözel paýtagtymyz Aşgabat gözel tebigaty, ekologiýa taýdan arassalygy bilen jahana ýaň salýar. Yşyklandyryş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, bezeg işleriniň yzygiderli kämilleşdirilmegi, bagçylyk hojalyklarynyň işgärleriniň ýol ugurlaryna oturdýan bezeg agaçlary tutuş ak şäherimiziň gözelligine nur çaýýar. Bularyň ählisi, ilkinji nobatda, paýtagtlylaryň we ak şäherimiziň myhmanlarynyň abadan durmuşyndan gözbaş alýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Aşgabadyň gün-günden gözelleşýän keşbi, milli ýörelgelerimizi dabaralandyrýan owadan binalary bu ýere gelýän her bir adamy buýsandyrýar. Paýtagtymyzyň haýsy künjegine göz aýlasaň-da, päk zähmetiň gaýnap joşýandygy görünýär. Şol asylly işleriň hatarynda bolsa, mermer şäherimizi gül-gülzarlyga, bagy-bossanlyga beslemek, paýtagtymyzyň gözelligini artdyrmak ýaly aýdyň maksatlar has-da dabaralanýar.

Ýurdumyzyň merjen paýtagty Aşgabat dünýäniň okgunly ösýän şäherleriniň hatarynda syýasy, ykdysady we medeni merkez hökmünde öz ornuny has-da pugtalandyrýar. Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni uly şatlyk bilen bellenilýär. Toýlary toýlara ulaşýan mähriban halkymyz bu baýramçylyga sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Gözel paýtagtymyzyň täsin binagärligi köpleri haýran galdyrýar. Hemmämize mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 25-nji maýynda — Aşgabat şäheriniň gününde 140 sany ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi, Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde ägirt uly taslamanyň — «Aşgabat-sitiniň» gurluşygyna ak pata beripdi. Şol şanly günlerde ýene-de bir ajaýyp desgany — «Aşgabat» binalar toplumyny açyp, halkymyza sowgat etdi. Ynha, bu günki günde bu ýer myhmanlarymyzyň hem-de aşgabatlylaryň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi.

Şirmyrat Ýusupow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ mugallymy.

Ýene-de okaň

Mekdebe çenli bilim edaralarynda ene-atalar bilen geçirilýän çäreleri guramagyň pedagogik esaslary

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy