TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Patyşasy Karl III täjini geýdi

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-iň täç geýdirmek dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti hem gatnaşdy. Şeýle hem bu dabara 100 ýurduň döwlet Baştutany gatnaşdy.

70 ýyldan soňra geçirilýän täç geýdirmek dabarasyny synlamak üçin Beýik Britaniýanyň ýaşaýjylary Bukingem köşgünden Westminstr ybadathanasyna enli uzalyp giden ýoly ugrunda ýygnandylar.

Beýik Britaniýanyň taryhynda ikinji gezek şeýle möhüm çäre göni ýaýlymda alnyp berildi. Daşary ýurtlardan gelen döwlet Baştutanlary, ministrler we beýleki wekiliýet agzalary Westminstr ybadathanasyna ýygnandylar.

Dabara 1066-njy ýyldan bäri bolşy ýaly, Kenterber arhiepiskopy Jatin Uelbi Patyşasy Karl III täjini geýdirdi. Beýik Britaniýanyň 40-njy hökümdary bolan Patyşasy Karl III resmi taýdan patyşalygy ykrar edildi.

Soňra şa aýaly konsort Kamilla hem täji geýdirildi.

Mälim bolşy ýaly, soňky gezek 1953-nji 2-nji iýunynda merhum bolan şa aýaly Ýelizaweta II täç geýdirmek dabarasy geçirilipdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Newa halkara ekologiýa kongresine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheriniň ýerli býujeti taýýarlanýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň Russiýa sapary

Ata Watan Eserleri

Teswirle