TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Parom gatnawy bilen raýatlarymyz getiriler

Täze görnüşli koronawirus sebäpli daşary ýurtlarda galan türkmen raýatlaryny Türkmenistana getirmek işleri alnyp barylýar.

“Orient.tm” saýtyndaky habara görä, oktýabr aýynyň birinji on günlüginde Azerbaýjandaky türkmen raýatlary parom arkaly gelerler. 100 sany türkmen raýaty Türkmenbaşy-Alýat-Türkmenbaşy parom gatnawy arkay ata Watanymyza gelerler.

Ýurdumyza gelen raýatlar iki hepdelik karantin çärelerini geçerler. Pandemiýa döwründe parom arkaly ilkinji gezek türkmen raýatlary getirmek işi amala aşyrylar.

Şeýle hem oktýabr aýynyň birinji ýarymynda Gazagystan Respublikasynda wagtlaýyn bolýan raýatlarymyzyň 50-si “Garabogaz” gözegçilik-geçiriş nokadyndan öýlerine gaýdyp gelerler. Raýatlarymyzyň yzyna dolanmagy ýokanç kesellerden goranmagyň düzgünlerini berk nerjaý etmek arkaly amala aşyrylar.

Mundan ozal, Türkmenistana Russiýa, Türkiýe, Belarus we Hindistan ýaly döwletlerden türkmen raýatlary getirildi.

Saýtymyza bugün ýerleşdiren habarymyzdan mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň  Russiýadaky, Ukrainadaky hem-de Germaniýadaky  raýatlary ýurdumyza gelerler.

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Okap bilersiňiz  Çempionlar ligasy: “Leipsiz” bilen Iliçiçiň üstünligi

Ýene-de okaň

Dünýäde 150 million dozadan gowrak “Sputnik V” sanjymy ulanyldy

Tranzit Wizasy üçin Zerur Resminamalaryň Sanawy

Baş Redaktor

Niderlandlar syýahatçylar üçin gapylaryny doly açdy

Teswirle