Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde awtoulaglaryň tizligini peseltmek ugrunda tagalla edilýär. Bu barada “Euronews” telelýaýlymy habar berýär.
Fransiýanyň paýtagtynyň häkimligi şäheriň ähli köçelerinde ulaglaryň tizligine çäklendirme girizmegi meýilleşdirýär. Parižde sagatda 30 kilometrden çalt sürmek gadagan edilip bilner.
Kadadan çykmalar Pereferik halkalaýyn ýolunda, şäheri gurşap alýan birnäçe uly şaýollaryndan bolup biler.
Hökümet bu öňüni alyş çäräsiniň ýol howpsuzlygyny ýokarlandyrjakdygyny we daşky gurşawy gowulaşdyrjakdygyna ynanýar.
Häzirki wagtda Parižiň köçeleriniň ýarysynda tizlik çäkleri bar. Parižiň hazirki häkimi Anne Idalgonyň döwründe şäher köçeleriniň 60 göteriminde ulaglaryň tizligine çäklendirme girizildi.