Şu günler sport äleminiň iň uly ýaryşy bolan tomusky Olimpiýa oýunlary Fransiýanyň meşhur paýtagty Parižde uly şowhun bilen dowam edýär. Islendik türgeniň arzuwy Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak bolup durýar. Ýöne Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazanmak, onda-da Olimpiýa rekordyny goýmak aýratyn duýgy bolsa gerek.
Şol duýgulary başdan geçirýän türgenleriň sany köpelip barýar. Ugandaly türgen Joşua Çeptegei olimpiýa rekordy bilen altyn medalyň eýesi boldy. Ol erkekleriň arasynda ýeňil atletikada 10 müň metr aralyga ylgamakda rekord goýdy. Afrikaly türgeniň görkezen netijesi 26.43.14-e deň boldy. Mundan ozalky rekord hem afrikaly türgene degişli bolup, efiopiaýaly Kenenisa Bekele 2008-nji ýylda Pekin Olimpiadasynda 27.01.17-lik netije bilen rekord goýupdy.
Zenanlaryň arasynda arkalaýyn 200 metr aralyga ýüzmekde awstraliýaly türgen Keýli MakKaun 2 minut 3.73 sekuntlyk netijesi bilen hem altyn medalyň hem-de olimpiýa rekordynyň eýesi boldy. Mundan ozal, 2012-nji ýylda London Olimpiadasynda amerikaly Missi Franklin 2 minut 4.6 sekuntlyk netijesi bilen rekord goýupdy.
Şeýle hem zenanlaryň arasynda 50 metr aralykdan 3 aýry nokatdan pnewmatik tüpeňde ok atmakda Şweýsariýanyň türgeni Kýar Leon olimpiýa rekordy bilen altyn medal gazandy. 2020-nji ýylda Tokio Olimpiadasynda başga şweýsar zenan türgeni Nina Kristen bu ugruň rekordyny goýupdy.