TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Pariž – dünýäniň iň täsirli syýahatçylyk şäheri

Syýahatçylyk we gezelenç boýunça bütindünýä geňeşi tarapyndan Pariž şäheri dünýäniň iň täsirli syýahatçylyk şäheri diýlip yglan edildi.

Beýik Britaniýada iş alyp barýan täjirçilik däl gurama bolan Syýahatçylyk we gezelenç boýunça bütindünýä geňeşi 2022-nji ýyl boýunça syýahatçylyk babatda maglumatlary seljerdi.

Umumy sanawda iň meşhur syýahatçylyk şäherleriniň diňe bir muzeýleriniň we myhmanhana otaglarynyň bahasy göz öňünde tutulman, eýsem ýurduň hökümetiniň we kärhanalarynyň şäheri syýahatçylyk merkezi hökmünde goýýan maýa goýumlaryna hem möhüm orun berdiler.

Bu sanawda birinji orny eýelän Pariž şäheri 2024-nji ýylda tomusky Olimpiýa oýunlaryny kabul eder. bu döwürde has köp syýahatçy çekmek üçin degişli işler geçirilýär. Häzirki wagtda Fransiýanyň paýtagtynyň syhaýatçylyk pudagyndan girdejisi 35.6 milliard dollara barabardyr.

Sanawda ABŞ-nyň şäherlerine hem uly orun berlipdir. Bu ýurduň Orlando, Nýu-Ýork we Las-Wegas ýaly şäherleri täsirli syýahatçylyk merkezleri hasaplanýar. Orlando özünde köp sanly dynç alyş we attraksionly merkezleri jemländigi üçin 2022-nji ýylda 31 milliard dollar girdeji gazandy. 

Hytaýyň şäherlerinden Pekin, Şanhaý we Guançžou sanawda ilkinji onlukda orun aldy. Hytaýyň şäherleri syýahatçylyga has köp üns berip başlady. Şoňa görä-de, 2032-nji ýyla çenli Hytaýyň şäherleriniň reýtinginiň has-da artjakdygy bellenilýär.

2022-nji ýylyň iň täsirli 10 syýahatçylyk şäheri:

  1. Pariž, Fransiýa

2. Pekin, Hytaý

3. Orlando, ABŞ

4. Şanhaý, Hytaý

5. Les-Wegas, ABŞ

6. Nýu-Ýork, ABŞ

7. Tokio, Ýaponiýa

8. Mehiko, Meksika

9. London, Beýik Britaniýa

10. Guançžou, Hytaý

Ýene-de okaň

Kerki ― Daşoguz ― Kerki uçar gatnawy dikeldildi

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ilkinji “Airbus” kysymly ýük uçary

Ata Watan Eserleri

Ýurdumyzyň dermanhana pudagynyň üsti ýetirildi

Teswirle