TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Pakistanyň nebit ministriniň Türkmenistana sapary

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň döw­let ne­bit mi­nist­ri Mu­sa­dik Ma­sud Ma­li­gi ka­bul et­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we mi­nistr söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da türk­menpa­kis­tan hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar, söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam bu gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar.

Şun­da stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe bo­lan ýan­gyçener­ge­ti­ka top­lu­my hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm bö­le­gi­dir. Bu ba­bat­da Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan (TOPH) gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan (TOP) ug­ry bo­ýun­ça elekt­rik ge­çi­ri­ji hemde op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry­ny çek­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­lar uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Ener­ge­ti­ka we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar ul­ga­myn­da bu iri tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy tu­tuş se­bi­tiň dur­nuk­ly dur­muşyk­dy­sa­dy ösü­şi­ne, onuň dün­ýä ho­ja­lyk gat­na­şyk­lar ul­ga­my­na üs­tün­lik­li go­şu­lyş­ma­gy­na, se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň hemde dur­nuk­ly­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam be­rer.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­niň ägirt uly gor­la­ry­na eýe bo­lan Türk­me­nis­tan ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni dün­ýä ba­zar­la­ry­na iber­me­giň ýol­la­ry­nyň di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len ener­ge­ti­ka stra­te­gi­ýa­sy­ny yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­ýär. Bi­ziň ýur­du­myz dur­nuk­ly ösü­şiň we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň aý­ryl­maz şer­ti bo­lan ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň yg­ty­bar­ly, dur­nuk­ly üs­ta­şyr ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň ta­gal­la­la­ry­nyň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi ug­run­da çy­kyş ed­ýär, iri dü­züm­le­ýin tas­la­ma­la­ry öňe sür­ýär hemde da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len bi­le­lik­de üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ýar.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Pa­kis­ta­nyň Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň dö­re­di­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­ny hemde onuň äh­lu­mu­my ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek ul­ga­myn­da öňe sür­ýän hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­ny do­ly gol­da­ýan­dy­gy nyg­tal­dy. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan bu ugur­da bir­nä­çe Ka­rar­na­ma­la­ryň ka­bul edil­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gyç­la­ry­nyň mö­hüm hä­si­ýe­te eýe­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa Türkmenistanyň ýokary sylagy bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Teswirle