TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Pakistanyň daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi

Samarkantda Owganystan bilen goňşy döwletleriniň daşary işler ministrleriniň 4-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler boýunça döwlet ministri Hina Rabbani Har bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň özara gyzyklanma bildirilýän köp sanly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellendi.

Taraplar energetika we ulag pudaklarynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini bellediler. TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçirijisiniň gurluşygyny durmuşa geçirmek boýunça işleriň dowam etdirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Diplomatlar şeýle-de Türkmen-pakistan hökümetara toparynyň işiniň ähmiýetini bellediler we ýakyn wagtda Toparyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi barada ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy köpçülikleýin welosiped ýörişini gurady

Ärdoganyň wezipesine girişmek dabarasy geçiriler

Teswirle