TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Pakistanda «Miýawiki» tokaýlary döreýär  

Pakistanda ýapon ekerançy alymlary tarapyndan işlenip düzülen «Miýawaki» usuly boýunça ýöriteleşdirilen tokaý maksatnamasyna badalga berildi. Bu usul bilen ozalkylaryndan 10 esse çalt we 30 esse gür agaçlygy ýetişdirmek mümkindir.

Taslamanyň başynda ýurduň Premýer ministri, kriket boýunça öz döwründe dünýäniň iň güýçli türgenleriniň hatarynda tanalan Imran Han dur. Hatda täze taslama hakynda onuň özi şeýle düşündiriş berdi:

«Ýaponiýada şeýle gysga döwürde gür tokaýlygy emele getirip bolýandygyna hut özüm şaýat boldum. Bu ýagdaý howanyň hapalanmagynyň garşysyna hem çalt we netijeli göreş bolar. Munuň üçin Lahorda 50 sany ýeri saýlap aldyk. Ilkinji synaglar örän üstünlikli».

Ýurduň premýer ministrligine degişli sosial sahypalaryň birinde täze tokaýlyk bilen bagly suratlar ýerleşdirildi. Suratlaryň biri saýlanan ýeriň ozalky görnüşine degişli bolsa, ikinjisinde taýyn bolan taslama şekillendirilýär. Şu habar bilen ugurdaş suratda hem synlaýşyňyz ýaly, iki görnüşiň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bar.

Ýeri gelende aýtsak, «Miýawiki» usuly ýaponiýaly alym Akira Miýawikä degişlidir. Bu usulda agaçlaryň dürli görnüşleri biri-birine ýakyn oturdylýar we olara Gün şöhlesi diňe ýokardan düşer ýaly edilýär. Bu bolsa agaçlaryň adatdakysyndan çalt ösmegini şertlendirýär.

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Eýranyň energetika ministriniň Aşgabada sapary

Teswirle