TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Pakistan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýär

Pakistan tarapynyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Haýber Pahtunhwa welaýatynyň hökümetiniň senagat, söwda, tehniki bilim we girdeji ministri Muhammet Adnan Jalil bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Adnan Jalil Haýber Pahtunhwa welaýatynyň ýolbaşçylarynyň Merkezi Aziýa ýurtlary, aýratyn-da, Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Pakistandan Türkmenistan serhedine iň gysga ýoluň bu welaýatdan geçýändigini belläp, Türkmenistanyň ilçisini Peşawara baryp görmäge we iki ýurduň arasyndaky söwdany giňeltmegiň mümkinçilikleri bilen içgin tanyşmaga çagyrdy.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň, esasanam ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwdany ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Ýene-de okaň

Wengriýa Türkmenistanyň tebigy gazyna gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan BMG-ä hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmegi teklip etdi

Ata Watan Eserleri

TOPH gaz geçirijisi taslamasyny tizleşdirmek üçin Meýilnama gol çekildi

Teswirle