SIZDEN GELENLER

Päk ahlagyň, sagdyn jemgyýetiň wagyzçysy

Taryhda uly medeniýetleri döreden, beýik döwletleri guran türkmen milleti hemişe aslyhalallygy, sadalygy, agraslygy, dogruçyllygy, pespälligi we belent adamkärçilik sypatlary bilen şöhratlanyp gelipdir.

Milletimizi bezeýän päk ahlak sypatlar nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde mynasyp ornuny tapyp, belent ses, uly buýsanç bilen wasp edilipdir.

Şahsyýetiň kämilligini we jemgyýetiň asudalygyny ündäp geçen şahyrlarymyzyň biri, ol hem Magtymguly Pyragydyr.

Halkyň bähbidini, arzuwlaryny, şol döwrüň kynçylykly günlerini öz döredijiliginde wasp eden türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy 1733-nji ýylda Etrek çaýynyň boýnunda eneden dogulýar.

Päk ahlaklylyk barada gürrüň açylynda elmydama Magtymguly ýatlanylyp, onuň dürdäne setirleri biygtyýar ýadyňa düşýär. Munuň özi aryf-dana atamyzyň goşgularynyň ýüzýyllyklaryň dowamynda ýokary ahlaklylygyň aýdymy bolup ýaňlanýanlygyndadyr. Onuň sebäbi bolsa beýik nusgawy şahyrymyzyň türkmen durmuşyna, türkmen ruhuna, türkmen däp-dessuryna juda belet bolup özüniň bolsa juda okumyş adam bolanlygyndadyr. Pyragy ýaly arassa ahlakly, päk ruhly kämil şahsyýetler öz milletini beýgeldip, onuň kämilleşmegine, ösmegine, ýagşy at galdyrmagyna ýardam bermek bilen bilelikde olar tutuş adamzat jemgyýetiniň ýokary ahlaklylygyny gazanmakda terbiýe mekdebi bolupdyr.

Beýik we akyldar türkmen şahyry, türkmen edebi diliniň esaslandyryjysy Magtymgulynyň döredijiliginiň 300 ýyllygyny türkmen halky giňden belleýär. Onuň ady dünýäniň altyn medeniýet gaznasynyň  Firdöwsi, Rudaky, Nowaýy, Şekspir, Puşkin ýaly görnükli akyldarlarynyň hatarynda öz mynasyp ornuny eýeledi. Magtymguly dagynyk ýaşan türkmen taýpalaryny birleşdirmek bilen ýurduň özbaşdaklygyny, halkyň asuda ýaşamagyny gazanmak bolar diýen netijä gelipdir. Muňa bagyşlap “Türkmeniň”, “Ýeli Gürgeniň”, “Depe nedir, düz nedir”, ”Öňi-ardy bilinmez”, “Döker bolduk ýaşymyz”, “Gidiji bolma”, “Başy gerekdir”, ”Mert bolmaz”ýaly goşgulary döredipdir.

Tireler gardaşdyr, urug ýarydyr,

Ykballar ters gelmez – hakyň nurudyr,

Mertler ata çyksa, söweş sarydyr,

Ýow üstüne ýörär ýoly türkmeniň.

-diýip öz goşgusynda belleýär.

Magtymgulynyň döredijiliginden bizi üç ýüz ýyldan gowrak döwür daşlaşdyrýar. Bu döwür XVIII asyra degişli bolup, türkmen halkynyň  taryhynda pajygaly döwürleriniň biri boldy. Eýran şasynyň çozuşlary türkmen taýpalarynyň has-da dagynykly ýagdaýda bolmagyna getirdi. Ýaşlyk döwründen başlap şahyr türkmen taýpalarynyň arasynda ýüze çykýan uruşly, dawaly ýagdaýlaryň şaýady bolmaly boldy. Şahyry bu ýagdaýlar çuňňur gynandyrýardy. Şonuň üçin şahyryň döredijiliginde esasy orny türkmen taýpalaryny birleşdirmek pikiri eýeledi.

Şahyryň öz ildeşlerine ýüzlenmesi şu goşgusynda şeýle beýan edilýär:

Türkmenler baglasa bir ýere bili,

Gurudar Gulzumy, derýaýy-Nili,

Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili,

Bir döwlete gulluk etse bäşimiz.

Şahyryň bu goşgusynda beýik watansöýüji şahsyýetiň keşbi kemala gelýär. Watan, halk düşünjeleri Magtymguly Pyragy üçin mukaddeslikdir. Ýönekeý halkyň başdan geçiren agyr günleri  barada Magtymguly Pyragy şu goşgularynda seslendi:

Istär elden çyka döwlet humaýym,

Doga kylyp, döker bolduk ýaşymyz,

Dilegim duş eýle, gözel allahym!

Ersgin boldy, gitdi gyzyl başymyz.

Şu ýagdaýlary gowulyga tarap düzetmek bu Magtymguly Pyragynyň esasy arzuwydy. Şonuň üçin agzybirlige çagyrmak bilen her bir türkmeniň Watanyň garaşsyzlygy, azatlygy üçin söweşmegini hökmany diýip pikir edýärdi.

 

Ýaşy ýeten arap atyň şanynda,

Mälim bilmaz depe nedir , düz nedir.

Ýüňi ýeten goç ýigidiň ýanynda,

Altmyş nedir, ýetmiş nedir, ýüz nedir.

Şahyr öz goşgularynda türkmen ýigitlerine asylly terbiýe bermek, mert,                 ar-namysly bolmaklaryny nesihat edip, binamys, namartlary ýazgarypdyr. Ol ähli türkmen ýigitlerini jeň meýdanynda şu sypatda görmek isleýär:

… -At salanda doňuz kimin topulyp,

Aýy kimin asylyşy gerekdir.

Şahyr öz okyjylaryny namartlyk, gysgançlyk, ýalançylyk ýaly häsiýetlerden gaça durmaga, agzybirlik, jebislik, dogruçyllyk, zähmetsöýerlik, garyplara bolan duýgydaşlyk häsiýetlere eýe bolmaklyga çagyrýar.

Baýlar bardyr, garyplara rehm eýlär,

Bardyr baýlar, dünýä malyna degmez;

Gözel bardyr dünýä malyn iýdirsiň,

Bardyr gözel, iýen nanyna degmez.

Magtymguly Pyragy gowy häsiýetlere eýe bolan şahsyýetiň keşbini öz goşgularynda kemala getirmek arkaly  jemgyýetde ýüze çykýan ýagdaýlary  düzedip boljakdygyna ynanýardy. Onuň pikiriçe Şahyryň sözi adamlarda  ýokary ahlakly häsiýetleri terbiýeläp, pikirleri we duýgulary oýandyrýar.

Atda aýak bolsa, özge syn bolmaz,

Ärde gaýrat bolsa, işi kyn bolmaz,

Söweş güni goç ýigitde müýn bolmaz,

Garşy bakar, peýkam-ýaýa seretmez.

Halkyna bolan söýgüden ýugrulan Magtymgulynyň goşgulary  häzirki güne çenli halykymyzyň ömür hakydasyndan çykmaýar. Çünki şahyryň pähim-paýhasy siňen nakyllarynyň, atalar sözüniň ynsana edýän täsiri biçak uludyr.

Häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň  maksatnamalaýyn başlangyçlaryndan  gelip çykýan wezipelere laýyklykda  beýik şahyryň goşgulary giňden öwrenilýär, onuň mazmuny bolsa kitaplar  arkaly halka ýetirilýär.

Mähriban topragymyzyň hakyky watançysy, türkmenleriň ençeme nesilleriniň pikirlerini we umyt arzuwlaryny aýdyň baýan ediji şahyrymyzyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk  ýubileýiniň belleniljek ýyly bolan 2024 -nji ýyl “Türki dünýäniň şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip yglan edildi. Bu bolsa şahyrymyzyň arzuwlarynyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýandygyň aýdyň subutnamasydyr.

                                                                   Ýedibaý BAÝRAMDURDYÝEW, 

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

                                                  

Ýene-de okaň

Türkmenistan – gadymy medeniýetiň ojagy

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Medeniýet halkyň kalbydyr