SIZDEN GELENLER

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde giňden belläp geçmäge taýýarlyk görülýär.

Gahryman Arkadagymyz milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýyna bagyşlap “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly döreden şirin şygry türkmen halkymyza, ilkinji nobatda, milli edebiýatymyza ýapylan serpaý boldy. ”Köpetdagyň eteginde galdy bu gün ör boýuna, Onuň Aly jenaby Magtymguly Pyragy” diýip belläp geçmegi Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna aýratyn hormat goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyz öz şygrynda Magtymguly atamyza “Onuň Alyjenaby” diýip ýüzlenmek bilen, şahyryň mertebesini ýene-de bir gezek belende göterýär, ony ähli köňülleriň, şygryýet dünýäsiniň hökmürowany hökmünde sarpalaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze goşgynyň her bir sözünde, setirinde örän çuňňur many bar.

Magtymguly Pyragy özüniň beýikligi bilen türkmeni beýgeldýär. Pyragy halka hyzmat eden şahyr. Onuň eserleri diňe bir türkmen halkynyň däl, umumadamzat medeniýetiniň altyn hazynasyna girdi.

Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şunuň ýaly belent derejede tutulmagy hormatly Arkadagymyzyň beýik akyldaryň döredijiligine iňňän ýokary baha berýändigi bilen berk baglanşyklydyr. Halkymyzyň Magtymguly Pyraga bolan beýik söýgüsi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik kalbyndan, çuňňur işlerinden gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda beýik şahyryň ömrüni we döredijiligini öwrenmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň çeper söz ussady bolandygyna ýokary baha berip :” Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr” diýip belleýär.

Türkmen halkynyň edebi mirasyny uly üns we alada bilen gurşap alan türkmen alymlarynyň Magtymguly baradaky pikirlerine giň ýol açan hormatly Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.

Täzegül Myradowa,

Gökdepe etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy. 

Ýene-de okaň

Ahalteke bedewleri – milli buýsanjymyz

Saglyk döwletliligiň girewidir

Diýarymyz – sagdynlygyň mekany

Türkmen bedewine bagyşlanan sergi açyldy

Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si we sag­lyk

Saglygy goraýyş ulgamynyň giň mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri