SIZDEN GELENLER

Pagtany gaýtadan işlemegiň ykdysadyýeti

Ýurdumyzda pagtany gaýtadan işlemeklige köp üns berilýär. Ýurtda öndürilýän pagta çig malyny gaýtadan taýýarlamagy Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde jemlenendir.

Pagta gaýtadan işlenende 1 tonna pagta çig malyndan orta süýümli  sortdan 33-den -38%-me, inçe süýümli sortdan 30-dan -34%-me deň bolup, şonuň bilen birlikde çigidiň 55-den-58%-me deňdir.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň pagtaçylyk ugry boýunça jemi 49 kärhana hereket edýär we olaryň 38-si pagta arassalaýjy karhanalardyr. Pagta arassalaýjy kärhanalaryň 3-si tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek üçin ýöriteleşdirilendir.

Pagta çig maly pagta arassalaýjy kärhanalarynda gaýtadan işlenilip, pagta süýümi, gysga süýüm, übtük, sütük we pagta çigidi öndürilýär. Pagta süýümi ýurdumyzyň dokma senagaty üçin gymmatly çig maldyr. Pagta çigidi bolça azyk senagaty üçin çig maldyr.

1 tonna pagta çig malyndan alynýan önümler:

– 320 kg pagta süými;

– 600 kg çigit;

– 40 kg gysga süýüm (lint);

– 10 kg übtük (ulýuk);

– 30 kg sütük (puh).

1 kg pagta süýmünden:

  • 5 metr prostynlyk mata;
  • 12 metr çit mata ýa-da 20 metr batist;
  • 4-den 140 sana çenli tikin ýüplükli dükje öndürilýär.

1 tonna pagta çigidinden:

  • 170 kg arassa pagta ýagy;
  • 400 kg künjara (žmyh),
  • 300 kg harpyk (şulha),
  • 30 kg ýag çökündisi öndürilýär.

1 tonna şulhadan:

  • 85 litr spirt;
  • 300 gram lingolit (presslenen gurluşyk materialy);
  • 28 kg kömürturşy gazy;
  • 20 kg uksus kislotasy we başgalar.

Pagtaçylyk pudaga türkmenleriň iň gadymy oba hojalyk ekinleriniň biridir. Taryhçylaryň aýytmagyna görä pagtaçylyk 2200-2300 ýyl mundan ozal Murgap derýasynyň boýunda ekilipdir. Pagta öndürmek iň peýdaly önümleriň biridir, ondan 300-den gowrak önümler öndürilýär.

Ýurdumyzda pagtaçylygy ösdürmek babatynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň üstüne şu aşakdaky wezipeler ýüklendi:

1.Pagta öndürijiler bilen özara şertnamalar baglaşmak.

2.Taýýarlanan pagtany ýerlemek.

3.Pagtaçylyga täze tehnikalary we tilsimatlary ornaşdyrmak.

4.Pudagyň çig-mal binýadyny ösdürmek üçin teklipleri taýýarlamak we

beýleki edaralar bilen ykdysady gatnaşyklar üçin kadrlary taýýarlamak.

Bezirgen Annalyýew,

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

 

 

“Twitter” iň girdejisini 5 esse köpelder

 

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagynyň möhüm taslamalary

Ykdysady ösüşleriň berk binýady

Sagdynlyk – kämilligiň gözbaşy

Saglyk – iň uly maksadymyz

Magtymguly Pyragy – beýik milli şahyrymyz

Ylmyň netijesi – terbiýedir