TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Pagtaçylyk işjeň ösdürilýär

Ýur­du­myz­da oba ho­ja­ly­gy­ny ös­dür­mek, oba ho­ja­lyk we azyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak hem-de be­re­ket-bol­çu­ly­gyny­ üp­jün et­mek mak­sa­dy bilen gu­wan­dy­ry­jy iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Tarp ýer­le­ri öz­leş­dir­me­giň ha­sa­byn­a eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­nyň ge­ri­mi­niň gi­ňel­dil­me­gi, oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ýer­li toprak-ho­wa şert­le­rin­de ýo­ka­ry ha­syl ber­ýän gör­nüş­le­ri­niň ýe­tiş­di­ril­me­gi­ne ünsüň ýo­kar­lan­ma­gy we bu iş­le­riň ylmy esas­da ýo­la go­ýul­ma­gy, şeý­le-de ag­ro­se­na­gat toplu­myn­da in­no­wa­si­on hä­si­ýet­li hä­zir­ki za­man kär­ha­nala­ry­nyň dö­re­dil­me­gi aý­dy­lan­la­ra aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

Şo­ňa gö­rä-de, päk zäh­me­ti­niň reh­ne­di­ni gö­rüp ýa­şa­ýan türk­men daý­ha­ny bu gün top­ra­ga aý­ra­tyn yh­las­ly çe­meleş­ýär we bol ha­syl ýe­tiş­dir­mek­de tu­tan­ýer­li­lik gör­kezýär. Mu­nuň üçin oba zäh­met­keş­le­ri­nde äh­li ze­rur şert­lerdir müm­kin­çi­lik­ler bar.

Pagtaçylyk — daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biri bolup durýar.

Üstümizdäki ýylda 23-nji martda gowaça ekişine badalga berler. Gowaça ekişi ýurduň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 23-nji martda, Daşoguz welaýatynda bolsa 30-njy martda başlanar.

Ýurdumyzyň pagtaçylarynyň gazanýan üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumynyň hemmetaraplaýyn ösüşine, oba hojalyk önümlerini öndürijilere hemmetaraplaýyn goldaw berilmegine gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatynyň aýdyň netijesidir.

Pudakda giň möçberli özgertmeleriň netijesinde obasenagat toplumynyň netijeliligi ýokarlanýar. Şeýlelikde, obasenagat toplumyny inženerçilik-tehniki taýdan üpjün etmek meseleleri täzeçil usulda çözülýär, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine ýokary derejede laýyk gelýän täze görnüşdäki kuwwatly tehnikalar satyn alynýar.

Ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, tohumçylygyň we bu ugra degişli ylmy-barlaglaryň ösdürilmegine ägirt uly maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Pagtany gaýtadan işleýän senagat doly döwrebaplaşdyryldy. Sebitlerde häzirki zaman görnüşdäki gaýtadan işleýän kärhanalar guruldy.

Oba hojalygyny sanlylaşdyrmak ýer işläp taýýarlamagyň täzeçil usulyny, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem daýhan birleşikleriniň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, kärende gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen anyk çäreler durmuşa geçirilýär.

Ýylyň-ýylyna gowaçanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Bu hem täze dokma senagaty kärhanalarynyň işe girizilmegi, pagta önümlerine bolan içerki isleglerini doly kanagatlandyrmaga giň mümkinçilikler döredýär.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, pagta biziň baýlygymyzdyr we pagtaçylyk importyň ornuny tutýan önüm öndürmek we ýurduň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşýar. Pagta ösdürip ýetişdirmek we saýlap-seçmek häzirki wagtda dünýä boýunça bu ekiniň iň uly on öndürijisiniň biri bolan Türkmenistanda ir döwürden bäri dowam edip gelýän däpdir

Gülbahar Hydyrowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.

 

23-nji martda gowaça ekişine girişiler

Ýene-de okaň

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: döwletara gatnaşyklarynyň täze ugry

Teswirle