TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiz uly ösüşlerdir özgerişlere eýe bolýar. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda oba hojalyk ulgamynda-da uly üstünliklere, belent sepgitlere ýetilýär. Daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, ak ekinleriň bereketli hasylyny ýetişdirmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan babadaýhanlarymyz bugdaýyň, pagtanyň, gant şugundyrynyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny öndürmekde ýylyň-ýylyna ýokary görkezijilere eýe bolýarlar.

Şu günler bereketli topraklarda ýetişdirilen ak altynlary ýygyp almak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Pagta ýygymy möwsümi bu kärendeçiler maşgalasynda hakyky zähmet baýramçylygy ruhunda geçýär. Bu möwsümde maşgalanyň uludan-kiçä hemmesi ýetişdirilen pagta hasylyny çalt we zaýasyz ýygnap almagyň aladasy bilen bolýar.

Pagta ýygmak hem irginsiz zähmeti talap edýär. Bu bolsa daýhanlar üçin gyzgalaňly döwür bolup, pagtany ýygmak pagta ýygýan kombaýnlardyr ýygymçylaryň paýyna düşýär.Pagta meýdanynda işler gyzgalaňly häsiýete eýe. Ýüwrük elli ýygymçylaryň ýygan pagtalary gyzgyny bilen tirkegli traktorlara ýüklenilip, pagta arassalaýjy kärhanalara ugradylýar. Ýokary hil derejesi bilen kabul edilýän ak pagtadan ak daga bäs edýän bereketli pagta harmanlary döreýär.

Kärendeçi pagtaçylar ýylboýy der döküp ýetişdirilen “ak altynyň” bereketli hasylyny Watan harmanyna tabşyrmakda tutanýerli zähmet çekýärler. Sebäbi, gymmatly çig mal bolan pagtanyň bol hasyly ýurdumyzyň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi bolmak bilen, pagtaçy kärendeçileriň maddy hal-ýagdaýynyň düýpli ýokarlanmagyna mümkinçilik açýar.

Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek, oba zähmetkeşleriniň hal-ýagdaýyny düýpli ýokarlandyrmak üçin örän köp işleri durmuşa geçirýär. Oba hojalygyny galkyndyrmak barada kabul edilen çözgütler, şol çözgütleriň esasynda oba hojalygynyň kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagy, önümçilik-ykdysady gatnaşyklaryň kämilleşdirilmegi türkmen halkyna, şol sanda türkmen daýhanyna halal işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürip, eşretli durmuşda ýaşamaga döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikleriň döredilýändigine güwä geçýär.

Hormatly Prezidentimiz türkmen daýhanlaryna ýurdumyz tarapyndan netijeli işlemäge, toprakdan bol hasyl öndürip, bolelin durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek we ýokary depginler bilen ösdürmekde, ene topragymyzdan önýän önümleriň berekedini artdyrmakda we hasylyny ýokarlandyrmakda netijeli işler amala aşyrylýar.

Daýanç Mämmetnyýazow,  

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

 

Ýene-de okaň

San­ly ul­ga­m has-da kämilleşdirilýär

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Teswirle