TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Pagta çigidiniň bahasy kesgitlendi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri ösdürmek, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň arasyndaky maliýe-ykdysady gatnaşyklary kadalaşdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Bu resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Pagta arassalaýjy kärhanalarynda öndürilýän we ministrligiň ösümlik ýagyny öndürýän kärhanalaryna ýerlenilýän pagta çigidiniň 1 tonnasynyň bahasy 1000 manat möçberinde bellenildi.

 

Türkmenistanda täze agentlik döredildi

Ýene-de okaň

“KamAZ”-yň täze hyzmat ediş merkezleri açyldy

Gümrük ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

«Sanly TIR» ulgamynyň ornaşdyrylyşy boýunça tejribe duşuşygy

Teswirle