Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Özbegistanyň wekili “B” kysymly karbamid satyn almak barada geleşik baglaşdy. Bu barada biržanyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.
“Marykarbamid” zawodynda öndürilen mineral dökünleriň bir tonnasynyň bahasy $442,50 diýlip bahalandyryldy, bu bolsa öňki söwdalardaky bilen deňeşdirilende 2,7% arzandyr.
Jemi 5 müň tonna karbamid eksporta iberiler. Geleşigiň umumy bahasy $2,2 million deň boldy.