TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Özbegistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen telefon söhbetdeşligi

Şu gün Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, söhbetdeşligiň başynda Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedowa ejesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy sebäpli çuňňur gynanjyny bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda häzirki wagtda üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alşyldy. Ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi bilen bagly alnyp barylýan işlere üns çekildi. Taraplaryň nygtaýşy ýaly, ýylyň başyndan bäri Hökümetara toparyň mejlisi, syýasy geňeşmeler, ulag we medeniýet ministrleriniň duşuşyklary, şeýle-de iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly çäreler geçirildi.

Telefon söhbetdeşliginiň barşynda söwda, ykdysadyýet, energetika we suw hojalygy ulgamlarynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak bilen bagly sowallar boýunça hem pikir alşyldy.

Şeýle hem Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygynyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar birek-biregi we iki ýurduň halkyny ýetip gelýän Oraza baýramy bilen gutladylar hem-de iň gowy arzuwlary beýan etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Newa halkara ekologiýa kongresine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheriniň ýerli býujeti taýýarlanýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň Russiýa sapary

Ata Watan Eserleri

Teswirle