Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa enesi hem-de türkmen halkynyň Milli lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa käbäsi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi.
Onda şeýle diýilýär:
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
– Siziň mähriban eneňiz – Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky ajy habar biziň ýüreklerimizi sarsdyrdy.
Ogulabat eje Türkmenistanyň abadançylygyna we ösüşine bimöçber goşant goşan çagalaryny we agtyklaryny terbiýelemäge öz bütin ömrüni we mährini bagyş etdi. Ogulabat eje hakyndaky nurana ýatlamalar biziň ählimiziň kalbynda ebedilik galar.
Size we Siziň maşgala agzalaryňyza, şeýle hem doganlyk türkmen halkyna bu gussaly we agyr günlerde çuňňur gynanjymyzy beýan edýäris.
***
Türkmen halkynyň Milli lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
Meniň gadyrly doganym!
– Siziň mähriban we eziz käbäňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky ajy habar biziň ýüreklerimizde çuňňur hasrat döretdi.
Ogulabat eje Siz tarapyndan belent sarpa goýulýan asylly ynsan bolmak bilen, özüniň päk durmuşy, yhlasly zähmeti we hoşgylawlylygy, sabyr-takatlylygy bilen tutuş halkyňyzyň belent hormatyna mynasypdyr. Ol Siz ýaly, türkmen halky üçin taryhyň nukdaýnazaryndan hem deňi-taýy bolmadyk belent işleri amala aşyran gaýduwsyz we milletiň beýik Liderini terbiýeläp ýetişdirdi.
Türkmen eneleriniň we ähli zenanlarynyň asylly häsiýetlerini özünde jemläp, Ogulabat ejeniň ady biziň hakydamyzda ebedilik saklanar.
Siziň maşgalaňyz üçin uly ýitgi gün bolan şu hasratly pursatda Siziň Alyhezretiňize we ähli ýakynlaryňyza, şeýle hem Türkmenistanyň doganlyk halkyna tüýs ýürekden gynanjymyzy beýan edýaris.
Mukaddes Oraza aýynyň şu nurana günlerinde beýik Allatagaladan merhumyň jaýynyň jennet etmegini, meniň gadyrly doganym Size we Siziň maşgalaňyzyň agzalaryna sabyr-kanagat, gujur-gaýrat eçilmegini dileg edýärin.