TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýyny gurmak boýunça bäsleşik

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň buýurmagynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň işgärleri üçin Daşkent şäherinde 12 öýli ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2022-nji ýylyň 21-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Täjigistanda mekdep gurar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bäsleşigiň möhletini uzaldýar

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy täze iş orunlaryny hödürleýär

Teswirle