TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Özbegistanyň ilaty 35,6 milliona ýetdi

2022-nji ýylyň 1-nji iýulyndaky maglumata görä, Özbegistanyň hemişelik ilatynyň sany 35,6 million adamdan geçdi. Bu barada ýurduň döwlet statistika edarasy habar berýär.

Resmi maglumatlara laýyklykda, 2022-nji ýylyň 1-nji iýuly boýunça ýurtda hemişelik ýaşaýan ilatyň sany 35 million 603 müň 443 adama deň boldy. Onuň 17 million 913 müň 57-sini erkekler, 17 million 690 müň 386-syny bolsa zenanlar düzýär.

Soňky maglumata laýyklykda, erkekleriň sany zenanlaryň sanyndan 222 müň 671 adam köpdür.

Özbegistan ilat sany boýunça dünýäde 43-nji, sebit bolsa Russiýadan we Ukrainadan soňra 3-nji orunda durýar. Ýurduň umumy eýeleýän meýdany 448 müň 692 inedördül kilometre deňdir. Bir inedördül kilometre 72,02 adam düşýär.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistana bardy

Ýene-de okaň

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Saud Arabystanyda

Türkmenistan bilen Russiýa 15 resminama gol çekişdi

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Teswirle