TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Özbegistanyň diplomatlary Türkmenistanyň “Galkynyş” ordeni bilen sylaglandy

Şu gün ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Wladimir Norowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Tükrmenistanda iş saparynda bolýar. Bu wekiliýetiň düzüminde Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça ýörite wekili Abdulaziz Karimow hem bar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Wladimir Norow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça ýörite wekili Abdulaziz Karimow Türkmenistanyň “Galkynyş” ordeni bilen sylaglandy.

Özbegistanyň diplomatlary iki ýurduň arasyndaky ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekden bitiren uly hyzmatlary  nazarda tutulyp, Türkmenistanyň ýokary sylagy bilen sylaglandylar.

Goňşy ýurduň diplomatlaryna sylaglary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gowşuryldy. Şeýle hem özbek tarapy Türkmenistanyň daşary işler ministrini Özbegistan Respublikasynyň döwlet sylagy bolan “Dustlik” ordeni bilen sylagladylar.

 

Ýene-de okaň

Türkiýede 8 aýda 69 sany Türkmen kompaniýa esaslandyryldy

Baş Redaktor

Oleg Kononenko: Türkmenistanyň ösüşine hemişe uly goşant goşmaga taýýardyryn

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna täze ýolbaşçy saýlandy

Teswirle