DÜNÝÄ

Özbegistandaky parlament saýlawlaryna bagyşlanan brifing

Düýn Özbegistan Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy 2024-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda geçiriljek parlament saýlawlaryna bagyşlanan media brifingini geçirdi. Oňa “Ata Watan Media” topary bilen bir hatarda ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Özbegistanyň kanun çykaryjy edarasynyň (Oliý Majlis) deputatlarynyň hem-de ýerlerdäki halk häkimiýetiniň edaralaryna wekilleriň (Geneş) ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy bilen ýurduň Merkezi saýlaw topary tarapyndan 27-nji oktýabrda parlament saýlawlaryny geçirmek bellenildi.

Bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakasynyň öňüsyrasynda dostlukly ýurtda geçirilen işler boýunça metbugat brifingi geçirildi. Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Uktam Nazarow habarçylaryň öňünde çykyş edip, parlament saýlawlary barada maglumat berdi.

Diplomatyň bellemegine görä, Özbegistan Respublikasynyň taryhynda ilkinji gezek Oliý Majlisiň deputatlarynyň saýlawy garyşyk görnüşde geçiriler. Saýlawlar majoritar-proporsional saýlaw ulgamy esasynda geçirilip, parlamentiň düzümindäki 150 deputatyň 75-si majoritar ulgamda, galan 75-si bolsa, syýasy partiýalaryň hödürlän dalaşgärlerine gönüden-göni ses bermek arkaly geçiriler.

Şeýle hem bu gezekki saýlawlaryň ýene-de bir möhüm aýratynlygy, ol hem saýlaw ulgamynda geçirilen sanlylaşdyrmak işiniň netijesinde, resminama dolanyşygy azadyldy.

Mundan başga-da, ýurtda zenan parlamenterleriň sanynyň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berlip, syýasy partiýalaryň hödürleýän dalaşgärleriniň azyndan 40 göteriminiň zenan dalaşgärler bolmagy göz öňünde tutuldy.

Saýlawlarda deputatlaryň 150-si, senatyň agzalarynyň 56-sy, Garagalpagystan Respublikasynyň Žokargy Keneşiniň deputatlarynyň 65-si saýlanar.

Saýlawlara gözegçilik etmek üçin 70 müňden gowrak ýerli we daşary ýurt synçylary hereket eder. Parlament saýlawlaryna 50 döwletden 400-e, 21 halkara guramasyndan 500-e golaý halkara synçylaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

“E-saýlaw” maglumat ulgamy döredip, onda saýlawlar barada giňişleýin maglumatlar ýerleşdirildi.

Özbegistanyň parlament saýlawlarynda daşary ýurtlardaky özbek raýatlarynyň ses bermegi üçin hem mümkinçilik döredildi. Şunuň bilen baglylykda, 39 döwletde 56 saýlaw uçastogy döredildi. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda bolsa, Özbegistanyň ilçihanasynda 43-nji saýlaw uçastogy hereket eder. Bu ýerde saýlawlaryň geçirilýän döwründe Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn bolýan özbek raýatlary ses berip bilerler.

Oliý Mejlisiniň kanun çyakryjy palatasynyň deputatlarynyň we ýerli Geňeşiniň saýlawlaryna aşakdaky syýasy partiýalar gatnaşar:
– Telekeçileriň we işewür adamlaryň ösüşi – Özbegistanyň Liberal demokratik partiýasy;
– “Milliý Tiklaniş”- Özbegistanyň demokratik partiýasy
– Özbegistanyň ekologiýa partiýasy;
– Özbegistan Halk demokratik partiýasy;
– “Adolat” Sosial-demokratik partiýasy.

Ýene-de okaň

Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Täjigistanda saparda boldular

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Aşgabatda Özbegistanyň we Eýranyň Prezidentileriniň duşuşygy boldy

Wladimir Putin bilen Masud Pezeşkianyň Aşgabatdaky duşuşygy

Pakistanyň we Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistana geldi

Ata Watan Eserleri