DÜNÝÄ

Özbegistanda üçtaraplaýyn duşuşyk

Şu gün Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Özbegistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirilýär. Bu üçtaraplaýyn duşuşyk degişli ýurtlaryň daşary işler, söwda we ulag ministrleriniň arasynda guralýar.

Özbek tarapyndan bu duşuşyga daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Wladimir Norow, Premýer-ministriň orunbasary – maýa goýumlar we daşary söwda ministri Jamşid Hojaýew we ulag ministri Ilhom Mahkamow gatnaşýar. Azerbaýjan tarapy daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow, ulag ministri Raşad Nabiýew, türk wekiliýetine daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, söwda ministri Mehmet Muş, ulag we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly wekilçilik edýär.

Duşuşykda sebit hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady, maýa goýumlar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, ulag-kommunikasiýa ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ýaly ugurlarda özara pikir alyşmalar geçiriler.

Hususan-da, ýygnaga gatnaşyjylar üç ýurduň arasynda daşary syýasat, söwda, ykdysady we maýa goýumlary, ulag we aragatnaşyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşarlar.

Duşuşygyň jemleri boýunça Daşkent jarnamasy kabul ediler.

Ýene-de okaň

Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleri Moskwada duşuşar

Gyrgyzystanyň baýdagynyň dizaýny üýtgediler

Türkmen elektrik energiýasyny Azerbaýjana ibermegiň mümkinçiliklerine garaldy

Täjigistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýasy Aşgabatda wekilhanasyny açdy

Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Türkmenistanda saparda bolýar

Ata Watan Eserleri