SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Özbegistanda karantin çäreleri berkidilýär

Özbegistanda koronawirusa garşy göreşmek boýunça respublikan ýörite komissiýanyň karary bilen ozal girizilen karantin çäklendirmeleri güýçlendirilýär we goşmaça karantin çäklendirmeleri girizilýär. Bu barada ýurduň Saňlygy goraýyş ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

28-nji iýundan 12-nji iýul aralygynda Daşkende ulaglar (awtoulaglar we awtobuslar) “gyssagly zerurlyk bolmadyk halatynda” sebitlerden girmäge çäklendirmeler girizilýär.

28-nji iýundan başlap, tutuş ýurt boýunça dynç alyş desgalary (restoranlar, gijeki klublar, karaoke, bilýard we kompýuter otaglary, naharhana desgalary – kafeler, naharhanalar we çaýhanalar) 8:00-dan 20:00-a çenli işlär.

Mundan başga-da, bu dynç alyş we jemgyýetçilik iýmit ýerlerine gelýänleriň sany umumy sygymynyň 50% -inden geçmeli däldir.

Golaýda Özbegistanda koronawirus ýokanjynyň “hindi” ştammynyň hem ýüze çykandygy mälim edildi. Ýurtda köpçülikleýin sanjym işleri dowam edýär.

 

Ýel elektrik stansiýasyny taslamagyň sanly ulgamy

 

Ýene-de okaň

Türkiýede hasyl möwsüminde zeýtun baýramy

Türkiýäniň ýüze çykarylan taryhy gymmatlyklary

Ata Watan Eserleri

Balkanda we Lebapda 150 orunlyk, Maryda 200 orunlyk onkologiýa hassahanasy gurlar

Özbegistanda syýahatçylygyň täze görnüşleri ornaşdyrylar

Türkmenistan Gruziýadaky Bütindünýä syýahatçylyk forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniñ jana şypaly şypahanalary