TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Özbegistanda ilaty 1 million bolan täze şäher gurlar

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew “Täze Daşkent” atly täze şähergurluşyk taslamasyna badalga berildi. Täze dörediljek şäher 1 million ilatyň göwnejaý derejede ýaşamagy üçin ähli degişli infrastrukturany özünde jemlär.

Şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda 60 müň adam üçin niýetlenen köp otaglar jaşaýyş jaýlary, 30 sany mekdep, 20 sany çagalar bagy, köpugurly hassahana we 5 sany saglyk öýleri gurlar. Şeýle hem bu ýerde Täze Özbegistan uniwersitetiniň, Milli kitaphananyň binalary bilen bir hatarda teatr, sungat mekdebi, söwda we hyzmat ugurly desgalar bina ediler.

Taslama durmuşa geçirilende şäherleşmek ulgamynyň döwrebap çemeleşmelerinden peýdalanylar. Meselem, ulag ulgamy doly täzeçil tehnologiýalara eýe bolar. Täze şäheriň jemgyýetçilik ulaglary hökmünde elektrobuslar ulanylar. “Ýaşyl we howpsuz şäher” konsepsiýasyna esaslanar.

Munun üçin 100 müň orunlyk ýerasty duralgalar gurlar. Awtoulaglaryň hereketi üçin 14 döwrebap tunnel, 7 sany köpri bina ediler.

Ilkinji gezek Merkezi Aziýada trigenerasiýa stansiýasy gurlar. Ol elektrik energiýasyny öndürip, güýzde we gyşda binalary ýylatmak, tomusda bolsa sowatmak üçin peýdalanylar.

Suw tygşytlaýjy tehnologiýanyň hasabyna täze şäherdde suwuň sarp ediliş möçberini 2 esse azaltmak maksat edinilýär.

Täze şäherde innowasiýa tehnologiýalarynyň bazalarynda 200 müň ýokary hakly iş orunlary dörediler. Munuň üçin täze tehnoparklar, IT-parklar, bilim we lukmançylyk klasterleri dörediler.

Täze şäheriň taslamasy Beýik Britaniýanyň, Singapuryň we Türkiýäniň bilermenleriniň gatnaşmagynda döredildi.

“Täze Daşkent” hakykatdanam ekologiýa taýdan arassa şäher bolar. Daşkentiň “Ýaşyl guşak” taslamasy şu ýerden başlar. Merkezi seýilgäh 420 gektar meýdanda dörediler, bu ýerde 200 müň agaç ekiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň wise-başlygy hökmünde işini dowam etdirýär

Ata Watan Eserleri

BMG-niň merkezinde Halkara Nowruz güni bellendi

Rumyniýada Halkara Nowruz güni bellendi

Teswirle