TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Özbegistan ýük daşamagy ýönekeýleşdirmek meselesinde Türkmenistan we Eýran bilen ylalaşýar

Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow Türkmenistan bilen Wan köli arkaly Türkiýä intermodal ulag gatnawyny guramak, Eýran bilen bolsa Çabahar porty arkaly ýük awtoulag gatnawlary boýunça synag işlerini amala aşyrmak babatda ylalaşdy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrliniň resmi sahypasynda habar berilýär.

Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow 15-16-njy awgustda Türkmenistanyň gurnamagynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahata gatnaşdy.

Maslahatyň çäklerinde özbek ministri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew we Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Said Rutam Kasimi bilen gepleşikler geçirdi.

Türkmen tarapy bilen geçirilen gepleşiklerde “Özbegistan-Türkmenistan-Eýran” halkara ulag we üstaşyr geçelgesi arkaly Türkiýä intermodal ýük gatnawlaryny guramak, awtomobil daşamalary üçin alynýan ýygymlary azaltmak, Özbegistanyň sürüjilerine wiza almak tertibini ýeňilleşdirmek babatda ylalaşdylar.

Eýranyň ministri Rustam Kasimi bilen geçirilen gepleşiklerde awtomobil daşamalaryna ýygymlayr we tölegleri azaltmak boýunça ylalaşyk gazanyldy. Ilhom Mahkamow we Rustam Kasimi Çabahar porty arkaly ýük ulaglarynyň gatnawyny synag görnüşinde guramak, şeýle hem “Hytaý-Ýewropa” ulag geçelgesi boýunça gatnawlary ýerine ýetirmek babatda pikir alyşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Özbegistanyň Prezidenti golaýda öz ýurdunyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygynda özbek eksport harytlaryny daşary ýurt bazaryna ibermegiň amatly ýollary gözlemek hem-de bu babatda Türkmenistan we Pakistan bilen awtomobil daşamalary üçin bilelikdäki kompaniýalary döretmek boýunça tabşyryklar beripdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi: hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça maglumat

Welaýatlarda gurlan awtomenziller açyldy

Raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň pasporty gowşuryldy

Ata Watan Eserleri

Teswirle