Özbegistanyň Döwlet statistika edarasynyň berýän habaryna görä, 2022-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Özbegistan 7 ýurda 18,5 müň tonna alma eksport etdi. Eksportuň umumy bahasy 7,3 million dollara deň boldy. Bu barada “uzdaily.uz” internet neşiri habar berýär.
Almanyň eskporty 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilen 9,4 müň tonna artyk boldy. 10 aýyň dowamynda Özbegistan Türkmenistana 163 tonna alma iberdi.
Özbegistanyň alma eksport edýän ýurtlary:
Gazagystan – 12,6 müň tonna
Russiýa – 4,2 müň tonna
Gyrgyzystan – 1,5 müň tonna
Türkmenistan – 163 tonna.