SPORT

Özbegistan Bütindünýä küşt olimpiadasynyň ýeňijisi boldy

Hindistanyň Çennaý şäherinde geçirilen 44-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda birinji orny Özbegistanyň ýygyndysy eýeledi. Şeýlelikde, Özbegistanyň erkekler ýygyndysy ilkinji gezek bu ýaryşda altyn medalyň eýesi boldular.

Şeýle hem Özbegistanyň ýygyndysy bu Olimpiadada ýeke gezek hem ýeňilmedik topar boldy. Özbek ýygyndysy 11 tapgyryň netijesinde 19 utuk jemläp, birinji boldy.

Jeýlenji tapgyrda Özbegistanyň ýygyndysy Niderlandrlaryň ýygyndysy 2,5:1,5 hasap bilen utdular. Özbegistanyň düzüminde Nodirbek Ýakubboýew, Žawohir Sindarow we Nodirbek Abdusattarow garşydaşlary bilen deňme-deň oýnady. Žahongir Wahidow bolsa garşydaşy Maks Uormerdamy ýeňip, Özbegistanyň ýygyndysyna taryhynda ilkinji altyn medaly gazanmaga uly goşant goşdy.

Olimpiadada ikinji orny Ermenistanyň, üçünji orny bolsa Hindistanyň ýygyndysy gazandy.

44-nji Bütindünýä küşt olimpiadasy 29-njy iýul-9-njy awgust aralygynda geçirildi. Şeýle hem Halkara küşt federasiýasynyň kabul eden çözgüdine laýyklykda, 2026-njy ýylda Bütindünýä küşt olimpiadasy Özbegistan Respublikasynda geçiriler. Özbegistan ilkinji gezek bu ýaryşy kabul eder. Ýaryşyň ýa Daşkent ýa-da Samarkant şäherlerinde geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Zenanlaryň ýygyndysynyň arasynda bu olimpiadada Ukraina birinji, Gruziýa ikinji, Hindistan bolsa üçünji orny eýeledi.

Ýene-de okaň

Asyryň boks tutluşygy: Fýuri-Usik duşuşýar

Ata Watan Eserleri

Ronaldodan özboluşly rekord

Türkmenistanyň Kubogynyň ýarym finalynyň birinji duşuşyklary geçirildi

“Arkadag” toparynyň ýeňlişsiz ýoly dowam edýär

Türkmen türgeni Aziýa oýunlarynda bürünç medal gazandy

Hytaýda 19-njy Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi