TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Özbegistan 7 million syýahatçy kabul etmekçi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurduň syýahatçylyk pudagynyň ösüşi baradaky ýygnakda 2023-nji ýylda azyndan 7 million daşary ýurtly we 12 million içerki syýahatçyny çekmegi tabşyrdy.

“Syýahatçylyk şu ýyl pandemiýadan saplanýar. Şu ýylyň sentýabr aýyna çenli ýurdumyza gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende üç esse artdy. Ýylyň başyndan bäri syýahatçylyk eksportynyň mukdary 926 million dollar boldy. Daşary ýurtly syýahatçylaryň galmagynyň dowamlylygy 4-5 güne, çykdajylary bolsa 305 dollara çenli ýokarlandy “-diýip, Prezident belledi.

Samarkanda ýylda 2 million jahankeşdä hyzmat edip bilýän “Beýik ýüpek ýoly” halkara syýahatçylyk merkeziniň ýokary mümkinçiligini belläp geçdi. 5 etraby we 3 şäheri öz içine alýan Fergana sebitinde “Altyn jülge” syýahatçylyk halkasyny döretmek baradaky taslama oňyn baha berildi.

Şeýle hem Prezident Mirziýoýew, içeri işler edaralarynda syýahatçylary hasaba almagyň düzgünlerini ýönekeýleşdirmek meselelerine ünsi çekdi.

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamyna bagyşlanan halkara forum

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Belarus ugry boýunça gatnawlar

“Green Card” (Grin Kard) -2024: Senenamasy Yglan edildi

Baş Redaktor

Teswirle