DÜNÝÄ

Ozalky Prezident Jimmi Karter üçin duýgudaşlyk bildirildi

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Jimmi Karteriň aradan çykmagy mynasybetli ýurtda milli matam güni bellendi. Şol sebäpli ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynda hem hatyra kitaby döredildi.

Şol kitaba ýazgy galdyrmak üçin Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary ilçihana baryp, ýazgy galdyrdy. Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem duýgudaşlyk bildirdi.

– Öňki Prezident Karteriň hatyrasyna Milli Matam gününde biz onuň ömrüni, hyzmatyny we mirasyny hormatlaýarys. Bu hepde onuň parahatçylyga, demokratiýa we adam hukuklaryna bolan bagyşlanmasyna hormatlaryny görkezmek üçin llçihanamyza gelen hyzmatdaşlarymyza we dostlarymyza minnetdarlygymyzy bildirýäris – diýip, ilçihananyň ýaýradan beýanatynda habar berilýär.

Ýene-de okaň

Kanada Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ulag hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmen ilçisi Kataryň Baş prokurory bilen duşuşdy

Belarusda prezident saýlawlary üçin wagtyndan öň ses berişlik başlandy

Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň Gözegçilik-seljeriş merkezi açyldy

Prezident Trampyň hödürlän ýolbaşçylary