DÜNÝÄ

Ozalky daşary işler ministri wise-prezident boldy

Mohammad Jawad Zarif 2013-2021-nji ýyllar aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri wezipesinde işledi. Ýurduň täze saýlanan Prezidenti Masud Pazeşkianyň wezipesine girişmegi bilen ol Eýran Yslam Respublikasynyň strategik meseleler boýunça wise-prezidenti wezipesine bellendi.

Prezident Masud Pezeşkianyň saýlaw möwsüminde esasy egindeşleriniň biri bolan Jawad Zarif şol döwürde daşary syýasat boýunça geňeşçileriniň biri boldy. Ol Pezeşkianyň saýlaw strategiýasynyň esasy gurujylarynyň biri boldy.

Pezeşkianyň saýlanmagy bilen ozalky ministri täze hökümeti döretmek boýunça maslahat beriş toparyna ýolbaşçylyk etdi we ýurduň hökümet agzalaryny seçip saýlap almak işinde jogapkär wezipeleri amala aşyrdy.

Eýranyň ozalky Prezidentlerinden Hasan Ruhaniniň döwründe Jawad Zarif daşary syýasatda işjeň orun aldy.

Prezident Pezeşkian kem-kemden ýurduň täze hökümeti düzýär. Ol ilkinjileriň hatarynda Mohammad Reza Arefi birinji wise-prezident wezipesine, Mohsen Haji Mirzaini bolsa iş dolandyryjy wezipesine belledi. Şeýle hem ýerine ýetiriji işler boýunça wise-prezident wezipesine lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň mugallymy Mohammad Jafar Gaempanah bellendi.

Ýene-de okaň

Gruziýanyň döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň auditoriýasy açyldy

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Eýranyň Prezidenti özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny Yraga amala aşyrýar

Kamala Harris we Donald Trump arasynda bolan ilkinji teleçekişme

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýörite geňeşçisi bilen geçirilen duşuşyk

Indoneziýanyň Prezidenti täze paýtagta göçýär