TEHNOLOGIÝA

Oýun muşdaklary üçin täze konstruksiýa döredildi

“Bauhutte” atly ýapon kompaniýasy kompýuterde oýun oýnaýanlar üçin ýörite konstruksiýa oýlap tapdylar. Konstruksiýanyñ düzümine: krowat, stol we eşikleri ýerleşdirmek üçin tekje girýär. Bu kompaniýa köpden bäri kompýuterde oýun oýnaýanlar üçin dürli konfigurasiýaly oýun stollarynyň täzelerini döredip gelýär. Fewral aýynda “Pringles” we WARP kompaniýasy bilen bilelikde robot elli kürsi oýlap tapdylar. Bu robot oýunçyny oýun mahalynda çipsi bilen iýmitlendirýär, ol hem oýun oýnaýanyň açlygyny gidermäge mümkinçilik berer. Oýnuñ muşdaklary konstruksiýanyñ tiz wagtda ulanyşa geçmegine örän sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Ýene-de okaň

“Galaxy Ring” atly “akylly” ýüzük tanyşdyrylar

Emeli aň 2 trillion dollarlyk kompaniýany emele getirdi

Ata Watan Eserleri

52 ýyldan soňra ABŞ Aýa kosmos gämisini gondurdy

“Akylly” ýüzükler bazarynda bäsdeşlik ýokarlanýar

“iPhone” modelleri üçin mugt sport programmasy

Ata Watan Eserleri

Emeli intellekt boýunça ministrligi bolan ýeke-täk ýurt