TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Owganystanyň wekiliýeti Türkmenistana geler

Owganystanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisi taslamasy boýunça topar döredildi. Ýurduň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu topara Owganystanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Mullah Abdul Ghani Baradar ýolbaşçylyk eder.

“Tolonews” neşiriniň Daşary işler ministrligine salgylanyp habar bermegine görä, Owganystanyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolar. Owgan wekiliýeti tebgy gaz we TOPH gaz geçirijisi boýunça gepleşikler geçirer.

– Biziň Türkmenistana saparymyz bolar we biz tebigy gazyň bahasy we Hyratdaky taslamalaryň durmuşa geçirilişi, şeýle hem senagat zolaklary barada gepleşikler geçireris – diýip, Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Şafaý Azam habar berdi.

Owganystanda döredilen toparyň düzümindäki Maliýe ministrligi bu toparyň maliýe meseleleri boýunça degişli işleri alyp barar.

TOPH gaz geçirijisi Hyratdan, Farahdan, Nimrozdan, Gelmendden we Kandagardan geçip, Pakistana we şol ýerdenem Hindistana baryp ýeter.

Türkmenistanyň tebigy gazyny Günorta Aziýa sebitine ýetirjek bu taslama möhüm ähmiýete eýedir.

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

BMG-den Türkmenistana ulag forumy üçin minnetdarlyk

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyny gutlady

Teswirle