TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Owganystanyň Söwda we maýa goýum edarasynyň başlygynyň Aşgabada sapary

2023-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň ýygnagy geçirildi.

Türkmen tarapyna Söwda-senagat edarasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Owgan tarapdan, duşuşyga Owganystanyň Söwda we maýa goýum edarasynyň başlygy we wekilleri gatnaşdy.

Duşuşygyň esasy maksady, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ösdürmek, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Owganystanyň Söwda we maýa goýum edarasynyň başlygy we wekilleri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen  Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergä hem gatnaşdylar.

Ýene-de okaň

Çoganly ýaşaýyş toplumynda seýilgäh gurmak boýunça bäsleşik

Halkara Nowruz güni mynasybetli täze awtobus ugry ýola goýuldy

«Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan serhedi» boýunça bäsleşik

Teswirle