JEMGYÝET

Owganystanyň goňşy döwletleriniň daşary işler ministrleriniň mejlisi barada pikir alşyldy

Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Hytaý Halk Respublikasynyň  DIM-niň Owganystanyň işleri boýunça ýörite wekili Ýue Sýaoýong bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi we onuň özara düşünişmek hem-de birek-biregi goldamak häsiýete eýedigi barada bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginde iki döwletiň Baştutanlarynyň duşuşyklaryna uly orun degişlidigi we onuň türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösmegine hem-de berkemegine oňyn täsir edýändigi nygtaldy.

Diplomatlar ählumumy we sebit meseleleriniň aglabasy boýunça Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň garaýyşlarynyň meňzeşligini ýa-da ýakynlygyny bellediler. Şeýle-de, taraplar Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmek we syýasy durnuklylygyny üpjün etmek boýunça yzygiderli häsiýete eýe bolan syýasy dialogyň amala aşyrýandygy barada nygtadylar. Bu babatynda, taraplar Owganystanyň goňşy döwletleriniň daşary işler ministrleriniň formatyndaky duşuşyklaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, bu formatyň çäklerinde geçiriljek 5-nji duşuşygyň gün-tertibiniň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Owganystandaky parahatçylygy dikeltmek boýunça köptaraplaýyn görnüşdäki meýdançalarynyň ýurduň durnuklylygyny dikeltmek we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak nukdaýnazaryndan wajyplygyny belledi. Bu babatynda Türkmenistan Owganystandaky parahatçylygy gurmagy üç esasy ýörelge daýanyp amala aşyrmagyň wajyplygyndan ugur alýar: syýasy, ykdysady we sosial-ynsanperwer nukdaýnazardan seredýändigini aýtdy.

Ilkinjiden, Türkmenistan Owganystanyň täze häkimiýetleri bilen ýurtda durnuklylygy saklamaga we Owganystandaky içerki sazlaşygy we bähbitleriň deňagramlylygyny gazanmak üçin geljegi ýakynlaşdyrýan esasy faktor hökmünde gepleşikleriň ösdürilmegini goldaýar.

Ikinjiden, Owganystanda parahatçylygy gurmak prosesine bu ýurduň esasy infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek arkaly sebitleýin ykdysady integrasiýa proseslerine gatnaşmazdan seredilip bilinmez. Üçünjiden, bu ýurtda parahatçylygy gurmagyň ynsanperwer bölegi bu işe elmydama oňyn täsir etdi.

Şunuň bilen birlikde, türkmen tarapy sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, şol sanda terrorçylyga garşy göreş we biziň döwrümiziň beýleki wehimleri we howplary ýaly ygtyýarly owgan resmi adamlary bilen maslahatlaşmak üçin mümkinçilikleri gözlemegi we peýdalanmagy zerur hasaplaýar.

Duşuşygyň ahyrynda, Türkmenistan we Hytaý goňşuçylyk hem-de köp asyrlyk dostluk ýörelgelerine esaslanyp Owganystanyň dikeldilmegine gönükdirilen ählitaraplaýyn goldawlaryny berjekdigini beýan etdiler.

Ýene-de okaň

“Ýüpek ýoly” rallisi: türkmen türgenleri baýrakly dolanýarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze departamentler döredildi

Ata Watan Eserleri

Daşkent şäherinde «Türkmenistanda öndürilen» atly türkmen harytlarynyň milli sergisi geçirildi

“Galkynyş” tans topary Türkiýede 2-nji orny eýeledi

Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunçylyk namalaryny kabul etdi

Messili Argentina – Kopa Amerikanyň çempiony

Ata Watan Eserleri