TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Owganystanly demirýolçylar Türkmenabatda tejribesini artdyrdylar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzyň halkara abraýy barha artýar, halkara gatnaşyklarda ýokary netijeler gazanylýar. Halkara hyzmatdaşlygyň tejribesinde ösüşe gönükdirilen umumadamzat bähbitli netijeli işler durmuşa geçirilýär.

«Türkmendemirýollary» agentligi hem-de Owganystanyň demirýol edarasy bilen demirýol ulaglary pudagynda iki döwletiň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hem-de dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet bermek bilen, demirýol ulgamynda zähmet çekjek hünärmenleri taýýarlamakda giň gerimli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

«Türkmendemirýollary» agentligi bilen Owganystanyň demirýol edarasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanylan okuw meýilnamasyna laýyklykda «Türkmendemirýollary» agentliginiň Türkmenabat şäherindäki demir ýol hünär-tehniki okuw mekdebinde Owganystanyň demirýol edarasynyň hünärmenlerine demir ýollaryň gurluşygy, wagonlary düzmek we dolandyrmak hünäri boýunça dört aýlyk hünär öwreniş okuwlary geçirildi.

Okuwyň dowamynda amaly-tejribe önümçilik sapaklary hem guraldy. Owganystanly talyp ýaşlar önümçilik sapaklarynda Türkmenabat şäherindäki «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň şahamçalarynda önümçilik-tejribe sapaklaryny geçdiler. Hünär okuwyny tamamlan owganystanly talyp ýaşlara Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanylan şahadatnama gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti Latwiýa Respublikasynda saparda bolar

Türkmenistanyň wekiliýeti Tbilisi şäherine gider

Türkmenistanda 2-nji iýunda galla oragyna badalga berler

Teswirle