TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Owganystan Türkmenistan bilen import ylalaşyklaryny baglaşmakçy

Owganystan dünýä döwletleri bilen ykdysady gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmak ugrunda tagalla edýär. Golaýda bu ýurduň degişli düzümleri Russiýa Federasiýasy bilen nebit önümlerini, tebigy gaz we budag satyn almak babatda ylalaşyk baglaşypdy.

Şeýle ugurdaky ylalaşyklary ýene-de 3 ýurt – Gazagystan, Türkmenistan we Eýran bilen baglaşmagy hem göz öňünde tutýar.

“Tolonews” teleýaýlymynyň berýän maglumatyna görä, Owganystanyň Söwda we senagat ministrligi Merkezi Aziýa döwletlerinden Gazagystan Türkmenistan, şeýle hem ýakyn goňşularyndan Eýran bilen bugdaý we nebit önümlerini import etmek babatda ylalaşyklar baglaşmagy meýilleşdirýändigini habar berdi.

– Biz Türkmenistan bilen nebit babatda gepleşikler geçirdik. Biz resmi we hemişelik ylalaşyklary baglaşmagy göz öňünde tutýarys. Şeýle Türkmenistan, Gazagystan we Eýran bilen bugdaý we un importy boýunça gepleşikler geçirýäris – diýip, Owganystanyň Söwda we senagat ministrliginiň metbugat wekili Abdul Salam Jawad belläp geçdi.

Ozal hem belläp geçişimiz ýaly, golaýda Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanyň ýolbaşçy düzümi bilen TOPH gaz geçirijisi boýunça gepleşikler geçiripdi.

Ýene-de okaň

Çawuşogly: Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarymyzy ösdüreris

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan demirýol ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürýär

100 milliard dollar ýitiren ilkinji adam

Teswirle