TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Owganystan TOPH gaz geçirijisiniň howpsuzlygy üpjün eder

Owganystanyň häzirki hökümeti Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan taslamasynyň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ähli tagallalary etmäge taýaýrdygyny belledi. Bu barada «Interfax» habarlar agentligi mälim edýär.

Owganystanyň hökümetiniň mälim etmegine görä, owgan tarapy zerur bolan ýagdaýynda taslamanyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýörite güýçleriň döredilmegine taýýardyr. Ýurtda döredilen doly howpsuzlyk ýagdaýlary häzirki wagtda taslamany durmuşa geçirmäge uly mümkinçilikleri döredýär.

Sebit döwletleriniň ykdysadyýeti üçin bähbitli bolan taslamany durmuşa geçirmek sebitde energetika howpsuzlygy babatda örän möhümdir.

bu iri halkara gazgeçiriji taslama Türkmenistanyň iň iri «Galkynyş» gaz käninden başlaýar. Ýylda 33 milliard kub metr tebigy gazy Owganystanyň Gerat we Kandagar, Pakistanyň Kwetta we Multan sebitleriniň üsti bilen Hindistanyň günbataryndaky Fazilka şäherine turbageçirijiler arkaly ibermek göz öňünde tutulýar.

Jemi uzynlygy 1814 kilometre barabar boljak bu taslamanyň 774 kilometri Owganystanyň, 826 kilometri hem Pakistanyň çäginden geçer.

Ýene-de okaň

Türk kompaniýasy tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryna gatnaşmakçy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň energetika ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şou geçiriler

“Dragon Oil” kompaniýasyna maýa goýum teklipleri hödürlendi

Teswirle