ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

 Öwezmyrat Ýerbendi: galam ýörediliş aýratynlygy

Ýüregiňi yzarlap barýan ajaýyp aýdym-sazlary diňlänimde käte telim günläp täsirinden çykyp bilmän gezýän. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, ýazyjy Öwezmyrat Ýerbendiniň hekaýalaryny okanymda-da şeýle duýgulary başdan geçirýän. Onuň bilen bagly eşiden käbir wakalarymy ýatlaýan. Ölmez –ýitmez şygyr setirleri bilen türkmen tebigatynyň gözellikleriniň suratyny çeken şahyr Mämmet Seýidowyň: «Gumly dost Ýerbendi hem ýazyjy hemem suratkeş» diýer eken. Halypalaryň çyn zehinlere beren bahasam, hormatam üýtgeşik bolaýýar. Şeýle beýik söz ussadynyň kärdeş hökmünde onuň döredijiligine uly baha bermeginiň ýöne bir howaýy aýdylan söz däldigine eserlerini içgin öwrendigiňçe akyl ýetirmek kyn däl.

Agam Aşyrberdi Kürtüň arhiw ýazgylarynyň arasyndaky belli-belli ýazyjylaryň dürli ýyllardaky metbugat neşirlerinde çap bolan eserleriniň aýry-aýrylykda jemlenip goýulandygyny öňki makalalarymda-da aýdypdym. Ol ýazgylary her gezek okanymda: «Bular mirasa öwrülen şahsyýetleriň eserleridir. Men-ä bular hakynda ýazyp ýetişmedim, ýöne her haýsynyň döredijiligi içgin öwrenilmäge degişlidir» diýip, sargyt edilen ýaly duýgy kalbymy gözgalaňa salýa. Şol ýazgylaryň arasynda Ýerbendi lakamy has ýörgünli bolan ýazyjy Öwezmyrat Berdimyradowyň eserlerem bar.

Arada kärdeşlerimiň biri bilen jaňlaşanymda ol: — Şu gün Ýerbendi aganyň «Ak maňlaý» atly hekaýasyny okadym. Henizem täsirinden çykyp bilemok. Başlygymam onuň hekaýalaryny diýseň gowy görýär, ýöne hekaýanyň möçberi ulurak bolansoň, «Gaýrat edip sahypa ýerleşer ýaly gysgalt!» diýdi. Eger-eger ýekeje sözüni aýyrmaga bognum çatmady. Ol ussat ýazyjy ahyry» diýip eseriň wakasyny tolgunyp-tolgunyp gürrüň berdi. Hakykatdanam onuň hekaýalary ýüpegi sünnäläp işilip, gaýma iňňesi bilen gaýalan el keşdesi ýaly ahyry. Men onuň döredijiliginiň muşdagy bolamsoň, kärdeşimiň aýdan bu gürrüňine diýseň begendim. Oňa agam Aşyrberdi Kürtüň aýdan bir gürrüňini aýdyp, iki bolup Öwezmyrat aganyň gulagyny şaňlatdyk.

Paýtagta göçüp geläýen wagtlarymyz özbaşdak öýümiz bolmansoň agamyň öýünde ýaşaýardyk. Agamam bize arkaýyn ýaşamaga şert döretjek bolup köplenç özi redaksiýadaky iş otagynda  bolýardy. Şol wagtlar Öwezmyrat aga-da gum içindäki obalaryň birinden gatnap işlänsoň, olam käte redaksiýadaky iş otagynda galýan eken. Ol 1955-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak obasynda doglan. Bir gezek agam, Remezan Baýrammyradow, Öre Ärnepesow hemem Öwezmyrat aga dagy dört kärdeş bolup agşamlyk edinmek üçin garbanar ýaly bir zatlar almakçy bolupdyrlar. Öwezmyrat aga redaksiýanyň köne edarasynyň golaýyndaky «Jennet» bazara baryp iki sany çörek alypdyr, soňam bir, süzme satýan zenandan süzme aljak bolýar. Ol: — Jigim, ýekeje susak süzme çekip beräý, ýöne ondan köp çekseňiz ýanymda başga pulum ýok — diýip ýagdaýyny aýdypdyr. Gelin geň galyjylyk bilen onuň ýüzüne seredip: — Ýaşuly, iki-üç günlükde siziň teleýaýlymdaky gyzykly çykyşyňyzy diňledim. Wah-waheý, beýle adamsyňyz öýtmedim. Sizem gara günde ýaşaýan ekeniňiz-ä. Duruň, onuň ýaly bolsa, puluňyz gerek däl — diýip çeken süzmesiniň puluny almajak bolupdyr. Zordan öňünde goýup gaýdypdyr. Şondan soň her gezek bazara gidemizde süzmäni diňe şo gelinden alýardyk. Halalja gazanjymyz adamyň hal-ýagdaýy hakynda oýlanýan adama siňsin diýýärdik — diýip gürrüň beripdi — diýdim. Kärdeşim menden: — Agaňyz bilen işleşen bolsa, onda siz Öwezmyrat agany öňden tanaýan bolmaly — diýdi. Ýok. Anyk haýsy ýyldygy ýadymda däl. Bir gün «Edebiýat we sungat» gazetinden onuň  ýazan söhbetdeşligini okadym. Şonda onuň iş otagyna ýörite baryp: —Öwezmyrat aga, köp sag bolup! Şu gün siziň çöl durmuşy hakynda ajaýyp suratlar çeken suratkeş bilen taýýarlan söhbetdeşligiňizi okadym. Çeper eser okan ýaly boldum — diýdim. Şol gezek ýazyjyny ilkinji gezek ýüzbe-ýüz görşümdi. Şonda-da ondan azda-kände bir zatlar öwrenesim gelip gysgajyk gürrüňdeş bolduk. Ol: — 1990-njy ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Türkmen dili we edebiýaty» fakultetini gaýybana tamamladym. Şol wagtlaram şu gazetde işleýärdim. Şonda professor Ödek Akjaýew bilen söhbetdeşlik taýýarladym. Şol söhbetdeşligime-de baş redaktor ähli işgärlerimiziň öňünde: — Ynha, söhbetdeşlik şunuň ýaly taýýarlanmaly — diýip berekella aýdypdy. Uly-uly halypalar bilen işleşdik. Berdinazar aga: «Men ýekeje hekaýada ýazmadym. Hekaýa ýazyjy saýlaýandyr» diýerdi. Ýogsa onuň birje bent goşgusynyň özi nähili täsir edýär. Näçe sany romandyr poemalar ýazdy. Mämmet Seýit maňa: «Gumly dost, sen hem ýazyjy hem suratkeş, seňki ýaly hekaýanyň ýekejesini ýazyp biläýseň. Sen uzaga gidersiň, ýöne ýoluň çarkandakly bolar» diýerdi. Olar beýik ýazyjylar. Beýik adamlarda hiç hili göriplik ýok. Göwnüňi göterip täze eserleri döretmäge ruhlandyrýarlar. Aslynda men kän bir söhbetdeşlik ýazamok. Söhbetdeşlik ýazmak üçin ýazýan adamyň hakynda, durmuş hakynda ondan has köp bilmeli. Hekaýa ýazmak üçin temany tutmaly. Kän ýol geçmeli. Döredijilige ir başladym, bu ugra ýykgyn edip durmuşa gadam basmagymda eserlerimiň agramly böleginiň gahrymany Gülsün ejäniň uly hyzmaty bar. Il-içinde uly sylag hormatyň eýesi bolan Gülsün ejäniň elinde terbiýelendim. Okuwçy döwrümde ähli sapaklarymdan diýen ýaly gowy okamadym. Diňe edebiýatdan bäşlik baha bilen  okaýardym. Emma, mugallymlarym, Gülsün ejäniň sylag hormaty üçin klasdan-klasa geçirýärdiler — diýip gürrüň berdi.

Soň onuň metbugat sahypalarynda çap bolýan kän hekaýalaryny okadym. Onuň hekaýalarynyň çeperçilik serişdeleri bilen baýlygy, gahrymanlarynyň häsiýetiniň duýga gaplanyp beýan edilmegi bilen tapawutlandyrylmagy ýaly bezeg aýratynlyklary diýseň özüne çekýär. Uly göwrümli hekaýa bolsa-da derrew okap soňuna çykanyňy duýman galýaň. Ulanyşdan galan gadymy sözlere kän duşmak bolýar. Onsoň ol sözleriň manysyny anyklamak üçin ýa-ha sözlüklere seredýän, ýa-da ýazyjynyň özüne jaň edip soraýaryn. Gowa näme, urgan näme, küşat bolanda näme ýeke-ýekeden düşündirýär. Şonuň ýaly-da hekaýalarynda halk döredijiliginiň aýdym žanrlaryny ýatladyp duran, hekaýanyň ruhuna kybap gepleşik dilinde sazlaşykly beýan edilen goşgy bentlerini okap, onuň şahyr hökmünde-de başarnygyna göz ýetirýäň. Bu barada özünden sorasaň-a: «Sözbaşy goýup goşgy ýazamok. Ýöne hekaýa ýazýan pursadymda içgi joşgunymyň täsiri bilen ýazýan wakamyň süňňüne sazlaşykly ak goşgulara aýdyma hiňlenen ýaly hiňlenenimi duýman galýan» diýýär. Köptaraply zehinli ýazyjynyň ýene bir aýratynlygy, ol türkmen tebigatynyň ösümlik hem haýwanat dünýäsinden, halk lukmançylygy — tebipçilikden, asman jisimleriniň tebigat hadysalary bilen baglanyşygyny, milli mirasymyzyň ähli ugurlaryndan diýseň gowy baş çykarýandygyna, onuň beletlik bilen ýazyp, suratkeşlik bilen beýan edýän wakalaryndan göz ýetirip bolýar. Ynha, oňa bir mysal.  «Edebiýat we sungat» gazetinde çap bolan «Sähralar asman bilen birigýär» atly hekaýalar toplumyndan «Bendiwan eýlenip uzak ýollara» atly hekaýasyndan bir bölek.

*Kerwene goşulyp barýan ikigat zenanyň: — Meniň özüm çagamyň oguz Gününiň aşagynda dogmagyny isledim.

— Bu ýerde dogsa näme? Zenanyň sesi birneme batlyrak eşidildi:

— Onda oguz bolmaz… Ýat bolar. *

Ýaňy saçy örüme giren gyzjagazyň ýat ilde ýesirlikde ulalmagy, ýöne onuň sünnäläp dokan türkmen halysynyň gudraty bilen halas bolmagy inçelik bilen şeýlebir beýan edilýär welin, tolgunman okamak mümkin däl.

*…Owadan dünýäniň özi ýaly nepis gözelligi dünýä bagyş eden adam zeminiň iň bagtly adamy bolar. Ony dünýä beren haýsyňyz? Türkmen halysy bilen bagly berlen sowala haçanda men halyny maňlaýyma togap edip, köwşümi goltugma gysdyranymda, ýurt eýesiniň eýmenç sesi eşidildi:

— Gyz halyny sen dokapsyň! Ýurduň nirede?

— Oguz ilinde.

— Sen azat, isleseň häziriň özünde bir gatyr ýüki engam bilen ýurduňa gidip bilersiň. Şeýle nepisligi dünýä peşgeş beren adam aýagy gandally ýaşamaly däldir…*

Ýazyjynyň haýsy bir jümlesini mysal getirjegiňi bileňok. Terbiýeçilik ähmiýeti biri-birinden täsirli. Milli terbiýäniň aňrybaş nusgasyna ýugrulan eserler.

*Bulut syrylansoň, ýyldyzlar petreşdiler. Sähralary erňekläp, Aý göründi. Ol bir duran ýerinden gymyldaman saklanyp durdy. Hamana olam oguz zenanynyň gürrüňini diňlemek isleýän ýalydy.* Ol bedew atlar hakynda ýazsyn, kulalçy ussanyň  zähmeti hakynda jümle getirsin, zähmeti ynsanyň ynsabyna görä halallyga beslenýändigi ýönekeýje görnüşler bilen ýadyňdan çykmaz ýaly düşündirilýär.

* —Gowy söz nirede aýdylsa-da, ýer ýüzüni gezýär…*

* — Häk, päk wyždan bilen ýaşaýsaňdyň… *

* — Ýene ýüz ýyldan kimdir biri seni ýatlaýsa…* Bu sözler ýazyjynyň hekaýasyndan alnan jümleler. Onuň hekaýasyndan şu parçany ýene bir mysal hökmünde getiresim geldi:

*— Köpegi getiriň!

Az salymdan mähnet köpegi araba ýükläp alyp geldiler. Onuň kellesi şeýlebir uludy welin, nädip göterýärkä diýdirýärdi. Aýaklaram bu jelegaýlarda görülýän itiňkä meňzemeýärdi. Gözlerem çym-gyzyldy. Ýöne onuň bäbeneginde saklanyp galan dostlukly garaýyş ýüregiňde mähremligi oýarýardy.

— Men muny uzak ilden — oguz ilinden zer döküp alyp geldim. Düýn ol gaplaň bilen darkaş gurup ýaralanypdyr. Onuň ýarasyny tikmeli. Ýöne sapak bilen däl. Sapak bilen tikilen ham soň iti ejiz edýär…

Bu sözi eşiden hemmeler ýakasyny tutdy. Hat-da eşidiler eşidilmez – gürlänlerem boldy.

— Hanyň turşusy depesine çykypdyr…

Menem serpmeden gaýdan ýaly boldum. Heýem bir temensiz, sapaksyz tikin tikilermi?Bu heniz dünýede eşidilen zat däl-ä. Garry derwüş bäş-üç oýnam garynjanyň — atly garynjanyň gerekdigini aýtdy. Hanyň: «Güýzüň günem garynja bomy?!» diýen sözüne şeýle jogap berdi.

— Bitip oturan garry sazagyň düýbüni gazsaňyz, şo ýerlerde hemem takyrda gögeren, guran sazagyň içinde-de ýa-da gyşyn-ýazyn gök öwsüp oturan borjagyň düýbünde-de öýjük ýasanýarlar…

Garynjany alyp geldiler. Köpegiň garnynyň aşagyndaky ýuka ham serpilip ýatyrdy. Garry derwüş serpilen hamy biri-birine ýabşyryp, çaý halta ýaly kiçijik halta salnan garynjalaryň ekabyrragyny ýabşyrylan hama golaýlatdy. Öňem gabsalananyna jany ýanyp duran garynja agzyny giňden açyp, hamy hatylatdy. Garynjanyň mazaly dişlänini gören derwüş, ony öňküsinden beter dişletmek üçin, ýanyp duran otdan bir kesindini alyp, garynjanyň pökgerip duran ardyna  golaýlatdy. Ardyna ot basylan garynja hamy öňküsinden berk dişledi. Garry derwüşe geregem şo borly. Ol garynjanyň mazaly dişlänini bilip, boýnunyň inçelen ýerinden gaýçyny saldy. Ikinji garynjanyň takdyram şo zeýilli boldy.  Üçünjiniňkem… Düzüm-düzüm bolup duran garynja kelleleri köpegiň hamyny bezänsoň, garry derwüş işini bes etdi. Ham bile biten ýaly boldy. Hanam indi «Aperin» sözünden başga hiç zat geplänokdy. Märeke-de gözüniň gören zadyna ynanyp bilmän, entegem aňaljyrap durdy. Diňe sary çadyryň içinden bulutlary böwsen ýyldyrym ýaly sazyň sesi eşidilýärdi.*

Her gezek gazet sahypalaryndan onuň hekaýalaryny gözleýärdim. Okap bolamsoň, ilki baş redaktora, soňra Öwezmyrat aga jaň edip sag bolsun aýdardym. Baş redaktor bolsa, menden beter begenip: «Eýýäm telim okyjy jaň etdi. Wah, o ýaşulyň hekaýalaryny çap etmez ýaly däl-ä. Özüm okyjylardan beter garaşýan» diýýär. Döredijiligi bilen yzygider gyzyklanamsoň, onuň eserleriniň gahrymanlarynyň atlary ýakyn garyndaşlarymyň ady ýaly ýadymda. Hat-da awtory ýazylmasa-da onuň eseridigini köp okyjylar bilýärler. Döredijilikde öz ýoluny goýan halypa bolansoň, galam ýörediş aýratynlygy bar.

Bir gün maşgalamyz bolup telewizor görüp otyrdyk. Birden başga ýaýlyma geçirdik welin, uruş döwrüniň wakasy esasynda surata düşürilen türkmen kinosy görkezilip dur. «Ozal gören kinomyz-a däl» diýşip ýerli-ýerden gyzyklandyk. Täsirli, gaty manyly hem tolgundyryjy eser eken, kim ýazdyka? — diýşip, çagalar maňa sowal berdiler. Eseriň gahrymany «Öwekge» bolsa, Öwezmyrat Ýerbendiniň eseridir ol — diýdim. Hakykatdanam onuň «Gyzyl kürte» atly hekaýasy esasynda halypa mirasgär, žurnalist Atamyrat Şagulyýewiň ýazan kino eseri eken. Şonda jaň edip Öwezmyrat agany gutladym, awtor hökmünde filmiň surata düşürilişi hakynda pikirini hemem başga-da kino hem sahna eserleri hakynda soradym. Ol:  — Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda işlän döwri Atamyrat Şagulyýew bilen bilelikde teatr üçin «Derwüş ýapynjasy», «Zentalak gylyç», «Rodoguna», «Paryzdepe», «Şähryslam», «Saz we jeň» atly pýesalary ýazandygyny, geçen 2022-nji ýylda ýene Atamyrat aga bilen awtordaşlykda Türkmen alabaýynyň gününe bagyşlap «Ynsan syrdaşy» çeper filminiň ssenariýasyny ýazandygyny, ol filmi  kinorežissýor Zulfiýa Kadyrowanyň surata düşürendigini aýtdy. Onuň öňem kinorežissýor Çaryýar Seýidowyň surata düşüren «Kölegeler daban aşagynda gizlenýärler» atly eseri bardy. Onuň Atamyrat Şagulyýew bilen awtordaş bolup şunça eser döredendigini eşidip, olaryň dostlukly döredijilik gatnaşyklarynyň juda ýakynlygynyň sebäbini bilesim geldi. Ýöne birbada soramaga çekindim. Onsoň bu barada öňräk Atamyrat aga bilen jaňlaşanymda ondan soradym hemem ýazyjy bilen bagly bilýänlerini gürrüň bermegini haýyş etdim. Ol özüniň Ýerbendi aga bilen taýýarlan «Hekaýa hädip taplanýar» atly  söhbetdeşliginiň heniz metbugatda çap bolmadyk ýazgysyny telefon üsti bilen poçtadan ýollady. Ýazgyny okap başladym.

«Ol hemişe öz işine mübtela — uzakly gün ýazgylaryna dümtünip otyr. Onuň gazet okaşam, hekaýa ýazyşam täsin. Aýdyşlaryna görä ol özüne ýaran hekaýany bölüp-bölüp okaýarmyşyn. Onuň näme üçin beýdýändigini soranlarynda: «Süýji günleriň has köp bolup, ertir ýene begenerim ýaly» diýýärmiş. Şeýle adamyny begendirmek üçin gowy hekaýalar ýazasyň gelýär. Has anygy şeýle zehinli adamyň şägirdi bolasym geldi.

Ynha, men ýene-de onuň ýanynda otyryn. Agşam ýatmadyk bolarly, ýüz-gözleri kokaşyp dur. Ýöne gözleriniň gyrasyndaky çaganyňky ýaly aýdyňlyk maňa juda mähirli garaýar. Ol maňa mundan otuz sekiz ýyl ozal — 1985-nji ýylda seredişi ýaly boýdan-başa seretdi. Belki ol, biziň birinji ýola duşuşanymyzy ýada salandyr. Ol adatdakysy ýaly ýuwaşjadan, ýöne düşnükli gürläp başlady.

—  Siz hekaýany nähili ýazýarsyňyz diýip soraýaňyz. Her ýazyjynyň öz ýazyşy bar. Bir wagt men şeýle sowaly uly ýazyjylaryň birine beremde, «günde bir zatjagaz çyrşaýan» diýipdi. Men o zeýilli däl. Gowy tema tapsam üç gün, belki ondanam köpdür, begenip gezýän. Ýazylansoň  hasam begenýän. Gazete çykansoňa dünýede özümden bagtly adam bardyr öýdemok.  

           Fin ýurdunyň bir edebiýat tankytçysy öz ýoly bolan ýazyja «Janly tebigaty özüne boýun egdiren» diýip uly baha beripdir. Beý diýdigi, uly dünýäniň içinde onuňam öz ýoly bar diýdigi. Uly dünýäniň niçeme ýollarynyň arasynda seňňem öz ýoluň bolmagy  täsin ykbally adamlaryň paýyna düşýär.

Hekaýany hekaýa edýän zat, onuň ýüregi. Eger ýürek ysgynsyz bolsa, hekaýa gowşak çykýar. Soňam pikiri duýgy bilen beýan etmegi başarmaly. Ýöne waka duýgudyr pikiriň içine gabalmaly. Şolaryň hemmesi bolmalysy ýaly çeper dil bilen utgaşmaly. Adam özi bilmezden bir derejä ýetýär. Onuň üçin sen bolmalysyndanam köp okamaly. Esasan awtor bolup kabul edilenleri okasaň kem däl. Ýöne gowşak hekaýany gowşak ýazmazlygyň üçin okamaly — diýip, onuň sowallaryna  beren halypalyk maslahatlary beýan edilipdir.

Atamyrat agadan ýazyjy bilen uzak aralykdan nähili işleşýändiklerini soradym. Ol: — Höwes, isleg, ýazyja bolan hormat wagt gidireniňe aňryýany bilen degýär. Öwezmyrat aga Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň edara binasynda işlän döwri hysyrdylarymy az-kem köpeltdi. Ol ýere yzygider baryp gelmek üçin wagt gerekdi. Emma ondan öwrenýän, tejribäm ýadawlyga ýol berenokdy. Ine, şeýdip-şeýdip,  gatnaşygymyz baky dostluga hem hyzmatdaşlyga öwrüldi.

Bir günem ol maňa «Gyzyl kürte» atly hekaýasyny berdi. Hekaýa diýseň gyzyklydy. Özi-de durmuşda bolan waka esasyndady. Onda heniz adamsynyň ýüzüni görmän ýar ojagyny saklap 93 ýaşynda aradan çykan Ýerbentli zenanyň ykbaly yzarlanýardy. Men Öwezmyrat aga bu hekaýany kinossenariýa etmegi teklip etdim. Ol maňa: «Sen telewideniýede işlän adam, kinossenarini ýazmagyň usulyny bilýänsiň, bu işi özüň et» diýdi. Şeýdip biz oň bilen Tejen aýagyndan Ýerbende durmuşa çykyp gelen Nurbibi daýzanyň ykbaly bilen içgin gyzyklanyp, Ýerbentde birnäçe adamlar bilen söhbetdeş bolup, maglumat topladyk. Netijede Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde şol ssenariýamyz esasynda 2021-nji ýylda režissýor Sahysalyh Baýramow çeper filmi surata düşürdi. Film şol ýylyň 8-nji maý güni paýtagtymyzyň «Aşgabat» kino teatrynda görkezilip, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. 2022-nji ýylda bu film  Türkiýede Gorkut ata Halkara kinofestiwalyna gatnaşdy. Soňra Özbegistanda, Belarusda, Russiýada kinofestiwallara gatnaşyp, «Altyn durna» baýragyna mynasyp boldy.

Häzir bolsa, biz Arkadag şäherinde açyljak täze teatr üçin Ahal durmuşy bilen bagly «Gadymy Parfiýa» hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap «Kümüş çägede tämizlenýär» ady bilen köpgörnüşli kinossenariýa ýazdyk. «Zenan kalby» žurnaly bu ssenariýamyzy şu ýylyň fewral aýyndaky sanynda çap edip ugrady. Öwezmyrat aga bilen işlemek hem gyzykly hemem juda kyn. Onuň her bir ýazan hekaýasyna ertesi, birigüni, soň ondan soňkusy gün üýtgetme girizmek endigi bar. Eseriň bähbidi üçin şeýdýändigine düşünsemem bir sapar sebäbini soradym. — Berdinazar aga: «Tutuş bir obaň adyny özüňe edebi lakam edip alaýypsyň. Indi Ýerbent ýaly agrasdan gyzykly eser döretgin» diýdi» diýip halypanyň ruhunyň öňündäki jogapkärçiligi bilen düşündirdi. Käte men oňa degşip: «Haçan Ýerbendiň göz gamaşdyryjy şemaly meň üstümden sowlarka?..» diýsem ol: «Haýsy eden gowy işim üçin Hudaý meni seň bilen baky dost etdikä?» diýýär. Ol muny oýun bilen aýdýandyr öýdýärdim. Asyl  bu minnetdarlygyny dostumyz Kakyş Nazarowyň ýanynda-da öwran-öwran aýdypdyr. Kä wagtam dostlarym maňa: «Ýerbendä sen çydaýaň» diýip degişýärler. Menem olara şol «çydamdan» köp zatlary öwrenýändigimi aýdýan.

Ýerbendi aganyň keýpiniň çag bolan wagty iňlis, hindi aýdymlaryny aýdýan pursatlaram bolýar — ýöne bu köplenç metbugatda hekaýasynyň çap edilen gününiň ertesi bolýar.

Öwezmyrat aga çöl durmuşyny gaty gowy bilýär. Haýwanat, ösümlik dünýäsini bilşi çeniň-çakyň däl, hat-da ol gijelerine towşanlaryň haçan üýşüşip, tans edişlerine, pyşbaganyň ömrüniň dowamynda ýeke sapar kimýa otuny tapyp, ony diliniň aşagynda saklap haçan gezime çykyşyna çenli belet. Bedew atlaryň ýyldyzlar arkaly seýislenişini bilşi dagy — seýisçilikde atlary ýetişdirmekde aýratyn bir ugur.

Öwezmyrat aga häzirki günlerde ýarawsyzlygy sebäpli öýünde bolýar. Onuň öýünde iki «güýmenjesi» bar — biri kagyz-galamy, beýlekisi — telefony. Günüň dowamynda  4-5, käte bolsa, 7-8 sapar jaň etmese oňanok. Menem indi oň telefon jaňlary bolmasa bir zadym ýetmeýän ýaly. Esasy gürrüňimiz bolsa edebiýat hakynda.

Oňa meşhur ýazyjy Atajan Tagan uly hormat goýup «Türkmen Dumbadzesi» diýýär. Sebäbi onuň ýazyş stili Dumbadzäňkä çalym edýär. Bir sapar dagy ol Dumbadzäniň mazaryna gül goýup gaýtmak üçin Tbilisä gidip gelipdir. Mirasgär halypam Ümür Esen bolsa, Öwezmyrat aga: «Tebigat bilen göwündeş gopup bilýän ýazyjy» diýerdi.

Öwezmyrat aga irmezek ýazyjy. Ol gije-gündiz döredijiligiň içinde. Ol äpet gomlar ýaly dolanyp-dolanyp gelşine döredijiligiň içine dolap alyp gidýär. Öňler   işde wagtymam, öýde bolsamam, ownujak, okamasy-düşünmesi juda kyn haty bilen ýazan hekaýalarynyň elýazmalaryny kösene-kösene kompýutere geçirýärdim. Indi bolsa, ol gözüniň kütelişenligi üçin aňynda aýlaýan hekaýalaryny maňa jaň üsti bilen ýatdan sözme-söz aýdýar. Menem ilki kagyza, soňra olary kompýutere geçirýän. Ýatdan aýtmagyň özi-de her kimiň başarjak işi däl. Allatagala oňa egsilmez zehin, irginsiz yhlas beripdir. Ol hemişe bir arzuw bilen ýaşaýar, ol hem il-güni hekaýalary bilen begendirmek hemem iň bolmanda ýekeje kitabynyň çap bolup çykmagy. Onuň hekaýalary gazet-žurnallarda çap edilen günleri ýa-da radionyň «Miras» ýaýlymynda okalan güni men mehaniki ýagdaýda «dynç alşa» çykýan. Şol gün Öwezmyrat agadan hat-habar ýokdur. Sebäbi oňa Diýarymyzyň ähli ýerinden sagbolsun aýdyp uzakly gün telefon jaňlary gelýär. Onsoň özüň jaň edersiňem weli, telefony birsydyrgyn eýelidir.

Häzirki döwrüň kyssasynda üçlügiň biri – Atajan Tagan bilen Ahmet Halmyratdan soň tanymal ýazyjy hökmünde hormat goýýan halypalarymyň biri Öwezmyrat Ýerbendi bilen tanyşlygym talyp döwrümde başlandy. Moskwanyň Lomonosow adyndaky Döwlet uniwersitetiniň Žurnalistika fakultetinde okaýarkam, tomusky dynç alyş döwründe öňki «Ýaş kommunist» gazetinde tejribe geçýärdim. Ol bolsa «Sowet Türkmenistanyň aýallary» (Häzirki «Zenan kalby») žurnalynda işleýärdi. Bu iki redaksiýa Atabaýew köçesiniň ugrundaky Metbugat öýüniň 3-nji gatynda ýerleşensoň, zalda duşan mahaly oňa hormat goýujylyk bilen salam bererdim. Eli hemişe gaty diplomatly, kelte boýly, gara saçlary egnine düşüp duran, dolmuşdan görmegeý ýigit bilen salamdan başga gürrüňimiz bolmazdy.

Aý-aýlandy, ýyl geçdi, Ýerbendi meniň durmuşymyň aýrylmaz «bölegine» öwrüldi. Bary-ýogy 7 ýyl mundan ozal başlanypdy. Öwezmyrat aga şol döwürde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde işleýärdi. Bir iş bilen ol ýere baramda, 8-nji gatda bolsa gerek, zalda oňa sataşdym. Şol wagt günorta uçurlary bolansoň ol eli tok çäýnekli suw almaga çykan eken. Salamlaşan badymyza ol maňa:

— «Kimýa oty» hakda ýazan makalaňy haladym. Gowy ýazypsyň — diýdi. Şeýlebir begendim, sebäbi beýik ýazyjydan gowy baha almak kyn zatdy. Menem oňa ýazýan hekaýalaryny höwes bilen okaýanymy aýtdym. Ol: «Hekaýa ýazylýa-la, ýöne ony kompýuterde çap etmekden başym çykanok» diýdi. Dessine  hekaýalaryny kompýuterde çap etmäge höwes bildirdim. Ol muňa diýseň begendi. Şeýdibem bir ýolum Ýerbendiniň iş ýeri boldy. Ol ýazýardy, men alyp gaýdyp, komputerde çap edip eltip berýärdim. Ýazamda alýan ruhy lezzetim göwnüme ganat berýärdi. Ýöne kyn tarapy-da bardy. Öwezmyrat agaň käte bir hekaýany 3-4 ýola işläýmesi-de bar. Şoň üçin oň ýanyna bir hekaýa üçin şonça sapar barmaly bolunýan ýagdaýlary bolýar. Özüne aýtmasamam, bir zady mähriban okyjylaryma ýetiresim gelýär. Döredilik ykbalymyň şeýle zehinli adama duş edeni üçin Allatagaladan razydyryn. Sebäbi Öwezmyrat Ýerbendi hemişe okap öwrenmeli kitap ýaly ynsan» diýip hoşallygyny aýtdy. Ondan Öwezmyrat aganyň «süýjüli diabet» keselinden ejir çekýändigini, ýakynda onuň keselhanada ýatyp çykandygyny eşidip, hal-ýagdaýyny sorap jaň etdim. Gepi-sözi şänik ýaly diýdirýän ýazyjy bilen döredijilik hakynda gyzykly söhbet etdik. Oňa «Ýazsam okarlarmyka?», «Sähra ýollary göni bolmaýar» diýen ýaly, hekaýalaryňyzyň sözbaşysynyň özi tutuş bir esere degýär diýip, täze eserleri hakynda gyzyklandym. «Ýyldyrym öň çakan ýerinden çakmaýar» atly hekaýa ýazdym. Çapa bersem baş redaktor: — Ýaşuly kyn görmeseňiz sözbaşysyny başgarak üýtgedäýseňiz — diýdi. Onsoň «Kümüş çägede tämizlenýär» at bilen çalşyrdym — diýdi. Okyjy hökmünde özüm bolsam-a öňki sözbaşysyny goýardym. Bu elbetde meniň öz pikirim. Sebäbi sözbaşyny okanyňdan, eýýäm näme üçin? — diýen sowal kelläňe gelýär, ýöne ussat, ussat bolýar. Üýtgeden sözbaşysam gowy eken. Şol pursat oňa: — Öwezmyrat aga, size: «Ýerbendiniň terjime eserlerem diýseň gowy. Özem iňlis dilini suwara bilýär» diýýärler. Terjime eden eserleriňiz hakynda-da aýdaýyň — diýdim. «Surat» atly hekaýam «Zenan kalby» žurnalynda çap boldy. Okyjylar ol hekaýama terjime eserimdir öýtdüler. Aslynda men hiç hili eseri terjime edemok. Ýöne daşary ýurt durmuşyndan ýazylan, özge halklaryň milli ruhuna kybap, gahrymanlary şol halkyň raýatlarynyň atlary bilen beýan edilensoň terjime eseridir öýdýärler. Iňlis dilini bilýänligimiň sebäbi daşary ýurtlara syýahat etjek bolsaň dil bilmezlik mümkin däl ahyry — diýdi. Oňa ýene sowal berdim. Ol: — Eserlerim tä beýnimde bişýänçä ýazmaga howlugamok. Soň garalamasyz ýazýan, aňsatlyk bilen ýazylýar. Okamak hem ýazmakdan lezzet alyp ýaşaýan — diýdi. Men ondan maşgala durmuşy hakynda soradym.

— Iki gyzym, üç oglum, on alty sany agtygym bar. Çagalarymyň ählisi ýokary bilimli, dürli kärlerde işleşip ýörler. Ýöne, aýalym Jeren görgüliniň dünýeden gaýdanyna on ýyl boldy. Şeýle mähriban, hojalygymyzyň durmuşyna düşünýärdi. Ýazan hekaýamy ilki bilen şoňa okap bererdim. Ol: — Diýseň gowy hekaýa bolupdyr. Okyjylaram halarlar, ýöne birazajyk ak köke bilen, pampaza satyn alar ýaly pulumyzam bolaýsa gowy boljak. Hekaýa diňläp bolamyzsoň çaý bilen içer ýaly — diýerdi. Menem: — Wah, hemme zady birden edinip bolanok-da — diýerdim. Indi her gezek süýji-kökeli çaý öňüme alsam aýalymyň şol gürrüňleri ýadyma düşýär — diýip, mertlige salyp gülümjiräp gürrüň berdi. Emma onuň telefondan eşidilýän gülki gatyşykly sesinden kalbyma dolan duýgy, ýazyjynyň ýürek agysy bolup eşidildi. Ol ses onki süňňümi yzarlady. Jeren gelneje (Jaýy jennet bolsun!) baýramalyly eken. Ýazyjy irki döwürrräklerde Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde okaýarka onuň bilen halaşyp durmuş gurupdyr.

Biraz dymyşlykdan soň gürrüňimizi başga ýana sowup: — Öwezmyrat aga, dünýä edebiýatynyň meşhur wekilleriniň döredijilik dünýäsini, durmuşyny öwrenmek üçin daşary ýurtlara syýahat edipsiňiz. Özge halklaryň däp-dessurlary, durmuşlary hakynda nähili ýatlamalar ýadyňyza düşýär — diýip sowal berdim. Ol:

— Amerikada adamlaryň boş wagtlary dynç alar ýaly ulu meýdança bar. Meýdança-da kölegelendirilip goýlan oturgyçlar ýerleşdirilen. Meýdançanyň gapdalynda-da içi dürli awtorlaryň her hili žanrda ýazan kitaplary doldurylyp goýlan uly konteýner bar. Her gün diýen ýaly şol meýdança dynç almaga barardym. Iki-üç sany ýigit şol kitaplaryň 4-5 sanysyny oturgyçlaryň gapdalynda goýýar. Kimsi ol kitaplary okap oturýar, kimsi ýöne suratyny synlaýar. Ol dynç alýanlaryň öz islegi, hiç kime zor bilen oka diýýän ýok. Ýöne agşamlyk adamlar öýe gaýdanlarynda ýigitler ýene-de şol kitaplary ýygnap konteýnere ýükleýärler. Ertesi ýene şol ýagdaý gaýtalanýar. Bu düzgüniň maksady olarda halk köpçüligini kitap okamaga çekmek. Ýene bir zat ol ýerdäki ýaşaýjylaryň birnäçesiniň öýüne myhmançylyga baryp gördüm. Olar maňa «Şwik men» diýerdiler. Bu diýdigi «Gyzykly adam» diýdikleri. Diýseň baý ýaşaýan adamlar bolansoň, olar üçin hiç hili baýlyk gyzyklandyranok. «Biz üçin iň gyzykly zat täsirli süýji gürrüňler» diýýärler — diýip gürrüň berdi. Oňa aýdýan gürrüňlerini täsirli gürrüň bermek ukyby ylahydan berlipdir. Dünýä belli şahyr Taras Şewçenkonyň ýüz ýyllygyna bagyşlap ýazan hekaýasynyň wakasyny gürrüň berişi edil kino tomaşa eden ýaly täsir etdi. Biri-birinden gyzykly gürrüňlerini bir makalada beýan etmek mümkin däl. Dünýäniň kän ýurtlaryna syýahat edipdir. Dürli halklaryň meşhur ýazyjylarynyň durmuşyny, döredijiligini, hekaýa ýazyş aýratynlyklaryny öwrenipdir. Ondan: — Siziň hekaýalaryňyzyň wakasy awtoryň öz durmuşynda bolup geçen ýaly gürrüň berilýär welin, öz başdan geçirmeleriňizmi?— diýdim.

— Ýok, ol meniň galam ýörediş aýratynlygym. Iki ýüzden gowrak hekaýa ýazdym. Hekaýalarymy «Ummanyň aňyrsyndaky hekaýalar toplumy. «Sähralar», «Obamyz» ýaly atlar bilen milli ruhdaky hekalarymy özbaşyna toplum edip bölüşdirdim. Nesip bolsa, «Atawatan Türkmenistan» žurnalynyň redaksiýasy bilen maslahatlaşyp görjek. Şo žurnal bilen işleşesim gelýä. Öň bir hekaýam çap bolanda iň köp okalan hekadygy üçin baýragam berdiler. Diňe öz hekaýalarym däl, «Geliň, gowy hekaýa okalyň!» atly rubrika bilen başga awtorlaryňam hekalary berilse gowy boljak. Hökman baýrak almak üçinem däl, ilki bilen okyjylaryň haýsy hekaýamy has köp okandyklaryny bilesim gelýä. Belki, olaryň hekaýalarym hakynda aýtjak pikirleri bardyr. Şol meniň üçin iň gymmatly zat hemem hekaýalarym bilen žurnalyň okyjylaryny hasam köpeldesim gelýä — diýip pikirini aýtdy. Soňra-da: «Eger mümkin bolsa, şu makalaňyzyň ýany bilen «Artyk ýaşalan bir gün» atly hekaýamy çap edip bolmazmyka? — diýip haýyş etdi. Bir zada göz ýetirdim. Şu makalanyň üsti bilen onuň seňki ýa meň eserim diýen ýaly pikirde däl-de halkyň gymmatly mirasyna bolan çäksiz söýgüsiniň ylham joşgunyndan dörän eserleriniň ýene halkymyza galmagy üçin ýaşaýandygyna göz ýetirdim. Ol kalbyndaky egsilmez ylham gorunyň önümlerini özi bilen bakyýete äkitmezlik pikiri bilen ýaşaýar eken.

Akgül SAPAROWA.

Ýene-de okaň

Toýly Meredow: ýagşy adam ýatdan çykmaz

Nurmuhammet Nazarow: «Adamlara gülki paýlasym gelýär…»

Ata Watan Eserleri

Aşyrguly Baýryýew: «Gowy zadyň aşygydy»

 Hemra Şirow: özboluşly täsin ýazyjy

Ata Watan Eserleri

Ahmet Bekmyradow: ömrüne bakylyk bagyşlan alym

Annadurdy Garaýew: damana ýolunyň halypalary

Ata Watan Eserleri