TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Otly gatnawlarynda täze möhlet

Türkmenistanyň “Türkmendemirýollary” agentliginiň resmi web saýtynda berlen maglumata görä,  otly gatnawlary 1-nji oktýabra çenli duruzylýar. Agentlik öň otly gatnawlaryny 1-nji sentýabra çenli duruzupdy.

Mundan ozal resmi saýtda ýurduň içindäki otly gatnawlarynyň 16 ― 23-nji iýul aralygynda çäklendirilýändigini habar berlipdi. Soňra bu çäklendirmeler 31-nji iýula çenli uzaldylypdy. Şondan soň gatnawlar 1-nji sentýabra çenli saklanypdy.

Aşgabat şäherine gelýän we welaýatara gatnaýan ýolagçylar üçin 2020-nji ýylyň 10-njy awgustundan başlap, saglyk kepilnamasy esasynda hereket etmek düzgüni girizilipdi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyndaky edaralar tarapyndan 72 sagat möhlet bilen berlen saglyk kepilnamasy esasynda gatnawlar amala aşyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, kepilnama düzgüni «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan hem ýola goýlupdy.

Şeýle hem “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkiýe Respublikasyndaky bilet satuw wekilhanasy bolup durýan “Hakim Turizm Akyıldızlar Dış Ticaret Ltd Şti” tarapyndan “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna gelip gowşan maglumata görä, “Dünýäde ýiti öýken sowuklama keselini döredýän ýokanç kesel bolan COVID19 koronawirusyň köpçülikleýin ýaýramagyny we dartgynly epidemiologiki  ýagdaýyň dowam etmegini nazara alyp, “Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat-Stambul/Ankara-Aşgabat ugry boýunça howa gatnawlarynyň 01 Oktýabr 2020 senesine çenli togtadandygy habar berlipdi.

Içerki howa we otly gatnaw, şeýle hem halkara howa gatnawlary, şeýle hem Türkmenistan baradaky beýleki habarlardan gyzgyny bilen habarly bolmak isleseňiz, onda biziň saýtymyza we jemgyýetçilik tor hasaplarymyzy yzarlaň, olara yzygiderli seredip duruň!

Degişli habarlar

Otly gatnawlarda täze möhlet

Otlylarda saglyk kepilnamasy düzgüni girilizildi

Otly gatnawlaryndaky çäklendirmelerde täze möhlet

Aşgabat-Stambul uçar gatnawlarynda täze möhlet

Türkmenistanyň halkara howa gatnawlary başlaýarmy?

THY’nin eylül ayı uçuş planı belli oldu

Indi uçuşlar üçin kepilnama hökmany

Saglyk we COVID19 baradaky habarlary okamak üçin

 

Ýene-de okaň

Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan baýramçylyk konserti

Tatarystanyň Prezidenti Türkmenistana geldi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Teswirle