TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Otly gatnawlary barada täze maglumat

Türkmenistanda otly gatnawlary 1-nji noýabra çenli duruzylýar. Mundan ozal berlen habarlara görä, otly gatnawlary 1-nji oktýabra çenli togtadylypdy.

“Orient.tm” internet sahypasyndaky maglumata görä, ýolagçy otly gatnawlarynyň gatnawy 1-nji noýabra çenli togtadyldy. Habarda bellenilip geçilişi ýaly, otly gatnawlaryndaky çäklendiriji çäreler sebitdäki we dünýädäki epidemiologiki ýagdaý sebäpli uzaldylýandygy bellenilip geçilýär.

Mundan ozal hem “Türkmendemirýollary” agentliginiň resmi saýtda berlen maglumata görä, 1-nji oktýabra çenli ýolagçy otly gatnawlarynyň togtadylandygy habar berlipdi.

Aşgabat şäherine gelýän we welaýatara gatnaýan ýolagçylar üçin 2020-nji ýylyň 10-njy awgustyndan başlap, saglyk kepilnamasy esasynda hereket etmek düzgüni girizilýändigini habar berýäris. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyndaky edaralar tarapyndan 72 sagat möhlet bilen berlen saglyk kepilnamasy esasynda gatnawlar amala aşyrylýar.

Ýurduň içindäki otly gatnawlaryndaky çäklendirmeler ilki başda, 16 ― 23-nji iýul aralygynda bolupdy.  Soňra bu çäklendirmeler 31-nji iýula çenli uzaldylypdy. Şondan soň gatnawlar 1-nji sentýabra çenli saklanypdy. Iň soňky çäklendirmeler 1-nji oktýabra çenlidi.

Şäherara awtobus gatnawlary haçan başlaýar?

Kanuny kim kabul edýär: Halk Maslahatymy ýa-da

Hoş habar: Daşary ýurtdaky raýatlarymyz üçin ýene bir ýörite gatnaw

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

Ata Watanymyz baradaky gündelik habarlary we global habarlary  Türkmen dilinde, şeýle hem ýurdumyz baradaky täzelikleri Iňlis, Türk we Rus dilinde gyzgyny bilen okamaga mümkinçilik berýän täze Android ulgamynda işleýän applikasiýany gök ýazylan ýere  ýa-da aşakdaky surata basyp el telefonyňa ýükläp biljekdigiňizi ýatladýarys.

Ýene-de okaň

Türkiýe wizesi barada täze maglumat :mobil biometrika

Baş Redaktor

THY gar ýagyşy sebäpli gatnawlaryny ýatyrdy

Kerki ― Daşoguz ― Kerki uçar gatnawy dikeldildi

Teswirle