Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda taryhy wakalara beslenýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler ösüşlerimiziň dowamat dowamdygyny aýdyň beýan edýär. Bu babatda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçirmek, ýokary maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny güýçlendirmek, importuň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak işinde telekeçilige aýratyn orun berilýär.
Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasy hasaplanýar. Döwlet Baştutanymyzyň telekeçiligiň, hususyýetçiligiň bähbitlerini nazarlaýan syýasatynyň baş maksady Türkmenistany doly bazar gatnaşyklaryndaky ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykarmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk hem yzygider ýokarlandyrmak bolup durýar.
Hususy telekeçiligi ösdürmegiň esasy wezipeleriniň biri-de onuň hukuk binýadyny emele getirmekdir. Şu nukdaýnazardan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça döwlet Maksatnamasy», «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet Maksatnamasy», «Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlaryny öndürýän kärhanalary döretmegiň döwlet Maksatnamasy», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem-de beýleki döwlet we pudaklaýyn maksatnamalar, konsepsiýalar, meýilnamalar kabul edildi we olar üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan beýik binalar, täze-täze desgalar, ýaşaýyş jaýlary — bularyň hemmesi ykdysady ösüşimiziň örän ýokarydygynyň görkezijisidir. Şeýle ösüşler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda adamyň bagtyýar durmuşy, halkyň abadançylygy baş wezipeleriň biridir. Şu nukdaýnazardan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuş maksatly beýik işler amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça konsepsiýa laýyklykda, ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan ösen ykdysadyýet kemala getirilýär. Tapgyrlaýyn esasda durmuşa ornaşdyrylýan sanly ykdysadyýet hakyndaky konsepsiýa ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň depginli ösüşini täze belent sepgitlere çykarmaga mümkinçilik berýär.
Sanlylaşdyrmak — milli ykdysadyýetimiz üçin hil taýdan täze tapgyr bolup, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet syýasatynyň, milli strategiýamyzyň esasy ugurlarynyň biri hasaplanylýar. Ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy ykdysady ösüşiň durnukly depginini üpjün etmek bilen çäklenmän, degişli şertleriň üýtgemegine uýgunlaşmagy, ykdysady töwekgelçilikleriň azalmagyny üpjün edýär.
Sanly ykdysadyýet maglumatlaryň we tehnologiýalaryň hemme ýerde, hemme wagtda elýeterliligine daýanmak bilen, özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryna ýol açýar. Çözgütler çalt kabul edilýär. Seljermeler intellektual we maksada gönükdirilen häsiýete eýe bolýar. Soňky ýyllarda tehnologik innowasiýalar önümçiligiň dürli pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Şoňa görä-de, önümçiligiň usullary düýpgöter üýtgeýär. Adamlaryň aň-bilime we iş endiklerine bildirýän talaplary artýar. Ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hukuk binýady babatda-da uly işler alnyp barylýar.