SIZDEN GELENLER

Ösüşlerde milli bilim ulgamy      

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda, milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alynyp barylýar.

Hut şu nykdaýnazardan ugur alyp, häzirki döwürde ýurdumyzda 2019-2025 – nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy tapgyrma – tapgyr durmuşa geçirilýär. Ýurdumyada durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017 – nji ýylyň 15 – nji sentýabrynda tassyklan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” mysal getirmek bolar. Ýurtda sanly ulgama geçmeklikde bilim ulgamyna uly orun degişlidir.

Ony durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor mugallymlar, şeýle – de ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan ylym – bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga – da, bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary hem – de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym – bilim merkezleri uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli gurnalýar. Çünki ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde alnyp barylýan bilim – terbiýeçilik, ylym, sport, medeni – köpçülik işlerini ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksadalaýykdyr. Şonuň ýaly – da, ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron okuw – usuly toplumlar, elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, interaktiw – multimediýa programmalary, okuw – görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin döwlet tarapyndan göýberilýän serişdeleriň möçberi ep – esli ýokarlandy we häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin gurulýan täze binalaryň sany hem artdy. Bu bolsa döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde berilýän bilimiň hiliniň dünýä derejesine laýyk gelýänliginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi agzybir, zähmetsöýer, merdana halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň täze taryhynyň altyn sahypalaryny ýazýandygyny aňladyp, biz talyp ýaşlaryň buýsanjyny artdyrýar.

RÜSTEMOW DERÝA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň talyby

Türkmenistan YHG-niň möhüm ylalaşygyna goşuldy

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagynyň möhüm taslamalary

Ykdysady ösüşleriň berk binýady

Sagdynlyk – kämilligiň gözbaşy

Saglyk – iň uly maksadymyz

Magtymguly Pyragy – beýik milli şahyrymyz

Ylmyň netijesi – terbiýedir